BIZNES

Poçta ulgamyndaky kanunçylyk kämilleşdiriler

Ilkinji milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy netijesinde, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän telekommunikasion aragatnaşyk ulgamynyň, ýokary hilli teleradio ýaýlymlarynyň işini ýola goýmak üçin uly mümkinçilikler we şertler döredildi.

Ýurdumyzyň raýatlaryny ýokary tizlikli Internet ulgamy bilen üpjün etmek boýunça hem köp işler amala aşyrylýar. Şol bir wagtda-da raýatlarymyza köpugurly poçta hyzmatlaryndan peýdalanmakda uly mümkinçilikler döredilýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda poçta ulgamynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny, poçta işiniň taraplarynyň hukuklaryny hem-de borçlaryny we bu ugurda döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek maksady bilen, ulgamyň hukuk esasyny kämilleşdirmegiň zerurdygy Ruhyýet Köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen düýn geçirilen duşuşygynda bellenildi.

Arbitraž kazyýeti we halkara hususy hukugyň kadalary

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek: Intellektual mümkinçilikler

Telekeçilik işine degişli kanunçylyk kämilleşdiriler

«Migrasiýa hakyndaky» Kanuna üýtgetmeler giriziler

Kärhanalary hasaba alyş ulgamy kämilleşdiriler

Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler giriziler

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler

Aşgabatda Türkmenistan bilen “Petronas” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bellenildi

Waşingtonda türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy boýunça assosiasiýasy döredildi

Türkmenistanda düýe ýüňünden we geçi çöpürinden ýüň ýüplük öndüriler