TEHNOLOGIÝA

Çagalar üçin jemgyýeçilik tory düzgünnamasy

Awstraliýa sosial media kompaniýalaryna 16 yaşdan kiçi ulanyjylar üçin ene-atalaryň razyçylygyny almaga rugsat bermegi meýilleşdirýär.

Bu barada taýýarlanan kanun taslamasyna görä, internet platformalary üçin 10 million awstraliýa dollaryna çenli  jerime salnyp bilner.

Taslama kanuna öwrülse, Okeaniýa ýurdy sosial mediýada iň berk sebitleriň hataryna girer. Uly tehnologiýa kompaniýalarynyň Awstraliýadaky ornuna öz täsirin ýetirer.

Dünýäde iň giň ýaýran jemgyýetçilik tor ulgamlaryň biri bolan “Facebook” we “Instagram” häzirki wagtda çagalara bolan kadalaşdyryjy garaýyşlary üçin tankyt edilýär.

Beýleki tarapdan, soňky döwürde giňden ulanylýan “TikTok” Hytaýdaky ýaşlara belli bir möhlet girizmeli boldy. Hytaý hökümeti çagalar we kämillik ýaşyna ýetmedik ýaşlar tarapyndan sosial medianyň aşa köp ulanylmagyny çäklendirmäge synanyşýar.

 

Ýapon şazada gyzy durmuşa çykdy

 

Related posts

“Samsung Galaxy S21” tanyşdyryldy

“LG”-den üýtgeşik telefon

Hindistanda öndürilen ilkinji çip 2025-nji ýylda peýda bolar