SPORT

Derwezebanyň geçiren goly ýeňiş getirdi

Angliýanyň futbol çempionatynyň 36-njy tapgyrynda “Liwerpul” bilen “West Bromwiç” toparlary duşuşdy. Duşuşykda “Liwerpul” topary 90+5-nji minutda derwezebany Alissonyň geçiren goly bilen ýeňiş gazandy. Bu gol Angliýanyň taryhyna geçdi. Ol derwezebanyň geçiren ýeňiş goly hökmünde bellige alyndy.

Alisson bilen bir hatarda “Liwerpulyň” beýleki goluny Mohammed Salah geçirdi. Ýeňlen toparyň düzüminde Hel Robson-Kanu tapawutlandy.

“Liwerpul” topary 63 utuk bilen çempionatda 5-nji orunda barýar. Dördünji orunda barýan “Çelsi” toparyndan 1 utuk yzda barýar. Çempionatda 1-den 4-nji orna çenli eýelän toparlar Çempionlar ligasynyň toparlaýyn duşuşyklaryna göni gatnaşmaga hukuk gazanýar.

“Liwerpul” topary indiki tapgyrda 19-njy maýda “Bernli” topary bilen duşuşar.

 

Erkekleri däl-de, zenanlary başardy

Ýene-de okaň

Özbek futbolçy Aziýanyň iň gymmat oýunçysy boldy

Dünýä çempionaty: 40 ýaşdan uly 7 futbolçy çempionata gatnaşýar

Andres Iniesta tälimçi boldy

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri