JEMGYÝET

“Awaza” goşmaça uçar gatnawlary ýola goýlar

Hazar deňziniň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň mejlisi geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Mejlisiň barşynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy hasabat berdi. Ol öz hasabatynda tomusky dynç alyş möwsüminde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň tertibine laýyklykda, goşmaça gatnawlaryň ýola goýulmagy barada görülýän çäreler barada habar berdi.

Ýurdumyzyň halkara howa menzillerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan gelip gidýän ýolagçylar yzygiderli barlagdan geçirilýär. Şeýle hem ekipaž agzalaryna öňüne alyş sanjymlary geçirilýär.

Şonuň ýaly-da, ýolagylaryň ulanmagy üçin howa menzilleriniň ähli zallary gorag serişdeleri bilen üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almakda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň zerurdygyny aýdyp, diňe bilelikdäki tagallalar hem-de utgaşykly işler arkaly bu ählumumy howpa garşy göreşde oňyn netijeleriň gazanyp boljakdygyny belledi.

“Awaza” ýörite otly gatnawlary guralar

Ýene-de okaň

Araş, Mot we Semicenk Aşgabatda Täze ýyl konsertlerini bererler

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji sergisi – türk eksport harytlarynyň sergisi

“Napoli” Italiýanyň Superkubogyny gazandy

Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Putin: Russiýa 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine goldaw bermäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy