SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistana COVID-19 ýokanjyna garşy “СоrоnаVас” sanjymy geldi

Türkmenistana Hytaýyň COVID-19  ýokanjyma garşy «СоrоnаVас» sanjymynyň uly tapgyry geldi. Bu barada Orient neşiri habar berýär. «СоrоnаVас» sanjymy «Sinovас» kompaniýasy tarapyndan öndürilýär.

Hytaýda öndürilip, ýurdumyza getirilen waksinalar Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynda saklanýar. Şol ýerlerde olary saklamak üçin hemme zerur şertler döredildi.

Ýurdumyza getirilýän hemme waksinalar Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we ÝUNISEF-iň tekliplerine pugta laýyklykda, “sowuklyk zynjyrynyň” talaplary berjaý edilmek bilen ammarlarda saklanylýar.

Habarda bellenişine görä, Koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, ilatyň immun derejesini durnuklaşdyrmak üçin ýurdumyz eýýäm Russiýanyň “Sputnik V” we “EpiWakKorona”, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasyndan “BIOwak” waksinalaryny alypdy.

COVID-19-yň aralaşmagynyň öňüni almaga niýetlenen waksinalaryň ýeterlik mukdarynyň gelip gowuşmagy bilen baglylykda, ilatyň töwekgel ýaş toparlaryna sanjym geçirmek başlanyldy.

Ýadyňyzda bolsa üstümizdäki ýylyň Aprel aýynyň başynda www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna ýörite habar ýerleşdiripdik. Şonda  Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli «Saglyga bolan hukuk – adam hukuklarynyň esaslarynyň biridir» atly onlaýn tertipde maslahat geçirilendigini  we Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekili Saçly Nuryýewa ýurdumyzda Milli immunizasiýa meýilnamasy hem-de “COVID-19” ýokanjyna garşy sanjymlaryň paýlanylmagynyň çäklerinde COVID-19” ýokanjyna garşy sanjym etmegiň tejribesi barada çykyş edendigini belläpdik.  Ol öz çykyşynda Sanjym işleriniň tapgyrma-tapgyr alnyp barylýandygy belläp geçipdi.

Türkmenistanda koronawirusa garşy sanjym alnyp barylýar

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy