Ýylgyryş- göwünleriň baky melhemi.
***
Tämiz howa, Gün nury- sagdyn daşky gurşawa jan berýän güýçdir.
***
Ynam adamyň güýjüni çäksiz belentlige çykarýar.
***
Özüň ugruňa ýykylmasaň, ynamdan haýyr tapmarsyň.
***
Söýülmek üçin söýmeli.
***
Ýylgyryş örän güýçli täsir edýän melhemdir.
***
Ynam gorka, birahatlyga we mümkürlige gaýtawul berip bilýär.
***
Ynam mümkin däl mümkin edip bilýän güýçdür.
***
Bir pursatda meşgur bolup bolýar,
Bir pursatda masgara-da bolup bolýar.
***
Peýdaly adamdygyňy duýmak gowy. Maşgalaňa, dost-ýaryňa, ýakynyňa peýdalydygyňy duýmak has ýakymly duýgy.
***
Adam adama mätäç bir-ä dokçulykda, birem ýokçylykda.
***
Bir adam ýap gazar, müň adam suw içer.
***
Bilmeseň, bir aýyp, bilip amal etmeseň, iki aýyp.
***
Bir ata on ogly saklar, on ogul bir atany saklap bilmez.
***
Bidöwlete bir gün sähet , iş etjege her gün sähet.
***
Akmagy dana edip görkezip bilýän pul.
***
Puluň bitirmedigini diňe akyl bitirer.
***
Hakykaty düşüner ýaly edip aýdyp bolmaýar, ony ynanar ýaly edip aýtmaly.
***
Ahlak- hakykatyň gül açmasydyr.
***
Ynsana nähili hem bolsa bir oňat zady öwrenmeýän ýekeje-de kitap bolup bilmez.
***
Esasy zat okamaga mejbur etmekden däl-de, pikirlenmäge mejbur edýän şerti döretmekden ybaratdyr.
***
Jahanda kitap dek mährem dost bolmaz…
***
Bilimi tapsaň yhlas, zähmetden,
Onsoň ýoluň açyk, şony pähim et sen.
***
Kitap, geçen asyrlaryň ýazyjylary bilen söhbetdeş bolmak edil syýahat eden ýalydyr.
***
Ýeke gezek ýalan sözlän adam ömür boýy kezzaplygy kesp ediner, ony özüne ýaran tutunar.
***
Üstünlik gazanmak üçin diňe güýç-kuwwat ýeterlik däldir. Güýç-kuwwatyň üstüne akyl-paýhas-da goşulaýsa, onda üstünligi gysga wagtyň içinde gazanyp boljakdygyna hiç şübhe bolup bilmez.
***
Hiç bir zat bölekleýin subut edilýän däldir, çünki owunjak bölejikler hem bitewülige edilýändir.
***
Gowy gylykly, imanly, ahlakly adam hiç wagt utanja galmaz. Şu üç närsäni ele alan ynsanyň öz-özüne erki ýetýändir.
***
Ýagşy bilen ýamanyň parhyny bilmedik, öwgi bilen sögünjiň parhyny-da bilmez.
***
Nadanlygyň nämedigine göz ýetiren adama alym diýip bolar.
***
Birine baha bermekçi bolsaň, onuň gepine-gürrüňine görä däl-de, edýän işine görä baha ber.
***
Özüňe buýsanmazlyk- iň uly buýsançdyr.
***
Lybas ynsanyň uýat ýerlerini ýapýar, utanç-haýa ony ähli masgaraçylyklardan gorap saklaýar.
Toplan: Muhanowa Ogulnur,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby