SPORTSYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjaklar üçin sanjym

ABŞ-nyň “Pfizer” bilen Germaniýanyň “BioNTech” kompaniýalary Tokio Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenler we wekiliýetler üçin täze görnüşli kronawirus ýokanjyna garşy sanjym üpjün etmegi meýilleşdirýär.

Bu babatda “Pfizer/ BioNTech” kompaniýalary Halkara Olimpiýa komiteti bilen Ýaponiýada geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenleriň we wekiliýetleriň sanjym edilmegi babatda ylalaşyk baglaşdy. Şoňa laýyklykda, kompaniýalar türgenler we wekiliýetler üçin zerur bolan sanjymy ünjün ederler.

Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenleriň Tokio barmazdan ozal, sanjymyň her iki dozany almagy üçin sanjymyň ilkinji tapgyry maý aýynda üpjün ediler.

Germaniýanyň “BioNTech” kompaniýasynyň esaslandyryjylaryndan Prof. Dr. Ugur Şahin bu barada beren beýanatynda, Olimpiýa oýunlarynyň howpsuz hem-de üstünlikli geçirilmegi üçin türgenleriň sanjym edilmeginiň möhümdigini we bu babatda Olimpiýa oýunlaryna goşant goşmakdan hoşallyk duýýandygyny mälim etdi.

2020-nji ýylyň 24-nji iýuly-9-njy awgustynda geçirilmegi göz öňünde tutulan Olimpiýa oýunlary koronawirus ýokanjy sebäpli 2021-nji ýylyň 23-nji iýuly-8-nji awgusty aralygynda geçirilmegi meýilleşdirildi.

 

UEFA Ýewropa ligasy finaly: “Mançester Ýunaýted” – “Wilýarreal”

 

Ýene-de okaň

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

1/8 finala çykan ilkinji ýygyndy Kanada boldy

Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlaryna 999 futbolçy gatnaşdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy