JEMGYÝET

Sowgatly online Krossword bäsleşigi yglan ediler

Ýakynda sowgatly Atavatan Krossword bäsleşigi yglan ediler. Mälim bolşy www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň Intellektual kiçi sahypasy hereket edýär we bu kiçi sahypa birnäçe bölümleri özünde jemleýär.

Applikasiýamyzy ýükläp almak üçin şu ýere basyň!

Türkmen dilindäki ilkinji online krossword sahypasy bolan Atavatan Krossword  sahypasy,  çagalar üçin ýörite çekilen suratlary  parçajyklardan düzmek mümkinçiligi berýän   Makul Puzzle, durmuşda iň köp ulanylýan 700 sözlemi Türkmen we Iňlis dilinde ýazmaça we sesli görnüşde berilýän Makul Sözlem, her gün täzelenýän we 15 sany Türkmençe sözi berýän we Iňlis dilindäki jogabyny tapmaga mümkinçilik döredýän  Makul Krossword, ýokaryda agzalan 700 sözlemiň nähilli düzülýändigini oýun arkaly öwrenmäge mümkinçilik berýän Sözlemli Oýun, çagalar üçin 375 sany suratdan ybarat  sözleri Iňlis we Türkmen dillerinde sesli we ýazmaça berýän, şeýle hem bu sözleri sözlemler içinde ulanyp görkezýän Suratly Sözlük,  ýokaryda agzalan 375 sözi Iňlis dilinde oýnyň üsti bilen özleşdirmäge mümkinçilik berýän  Oýunly Sözlük,  kompýuteriňize ýörite programmany ýüklän ýagdaýyňyzda  Siziň bilmeýän sözleriňizi size awtomatiki usulda getirip berýän Makul Sözlük Extension we  Iňlis dilinde söz tapmaga mümkinçilik berýän Makul Sözi Tap kiçi bölümleri biziň Intellektual kiçi sahypasynda öz ornuny tapýar. Siz bu bölümleriň her birini şol bölümiň ady ýazylýan ýere basyp girip görüp bilersiňiz. Bu bölümleriň her biri hem gyzykly hem-de peýdaly bolmak ýaly aýratynlyklary bilen üns çekýär.

Atavatan Krosswordyň  Türkmen dilindäki ilkinji online krossword bolup durýandygyny ýene bir gezek aýratyn bellemek gerek. Atavatan Krossword kiçi bölüminiň bazasynda jemi 2000 sorag bar.  Bu  soraglaryň ähli jogaplaryny öwrenmek Siziň maglumat baýlygyňyzy has giňeltmäge kömek eder.

Atavatan Krossword her gün täzelenýär we hergün 15 soragy Size berýär. Online görnüşdäki bu Krosswordy online çözüň, wagtyňyzy gyzykly we peýdaly geçiriň!

Döredijilik toparymyz ýakynda sowgatly Atavatan Krossword bäsleşigini yglan eder. Şonda, sorag bazamyzda jemlenen 2000 soragdan 50 soragdan ybarat  ýörite Krossword saýtymyza ýerleşdiriler. Bu soraglaryň dogry jogabyny ilkinji tapan birnäçe okyjymyza baýraklar gowşurylar. Sowgatly Atavatan Krossword bäsleşigi barada ýakynda saýtymyza habar ýerleşdiriler we bäsleşigiň şertlerini we sowgatlary yglan ederis!

Online krosswordymyzy çözmek üçin şu ýere basyň!

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 “Google” we “Atavatan” saýty bäsleşýär: häzirlikçe “Google” öňde

Ýene-de okaň

«Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy

Birol Güwen: Türk dünýäsi bilen bilelikdäki filmleri surata düşürmek taslamamyz bar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

Baýraktar: Türkmenistanyň gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen almak mümkin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistan “ITTC-2024” halkara ulag forumyna taýýarlyk görýär

Ata Watan Eserleri