MEDENIÝET

Şa aýalyň lybaslary hem satylar

Beýik Britaniýadaky taryhy muzeý koronawirus pandimiýasy zerarly gelip çykan maliýe meselelerini aradan aýyrmak üçin özüne mahsus hereket etdi. Şol sebäpli, bu ýerde 422 sany esbap we şa aýaly Wiktoriýanyň şahsy zatlary bäsleşikli söwdada satlyga goýuldy.

 Muzeýiň esaslandyryjysy we kolleksioneri Wiktor Wind şa aýalynyň geýimleriniň medeni ýerdäki gymmat bahaly geýimlerden däldigini mälim etdi.

Toplumyň iň esasay gymmatlygy ýitip, ýok bolup giden «dodo» guşunyň süňküdir. Ol adamlaryň janly-jandara edýän ýaramaz täsiriniň gynandyryjy subudydyr.

Wind: «Men hiç haçan bu gymmatlyklary satmagyň pikirini edemokdym, emma bizde başga çäre ýok» diýip, emele gelen ýagdaý barada düşündiriş berdi.

Bäsleşikli söwdanyň 6-njy maýda bolmagyna garaşylýar.

Şa aýaly Wiktoriýanyň şahsy zatlary geçen ýyl hem bu söwdadan ýer alypdyr.

 

Oba hojalygy: miwe we gök önümleriň önümçiligi

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen filmleri “Turan” film festiwalynda görkezildi

Azerbaýjanly opera aýdymçylary Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň gala konsertinde çykyş etdiler

Weli Muhadowyň 110 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi

TÜRKSOÝ Türkmenistanyň medeniýetine bagyşlanan 3 tomluk neşir taýýarlaýar

Ata Watan Eserleri

Maýkl Jekson baradaky film rekord goýýar

Gyrgyzystanda uçarda ilkinji gezek moda görkezilişi geçirildi

Ata Watan Eserleri