TEHNOLOGIÝA

Türkmenistan Howa maglumaty çaklamasy

Tomus paslynyň gelmegi bilen howa maglumaty baradaky gözlegler artyp başlaýar. Ertir howa näçe gradus yssy, hepde soňy ýagyş barmy ýaly soraglar gündelik durmuşda hem birek-birege soralýan soraglar!

Howa maglumatyny öwrenmek üçin şu ýere basyň!

Mobil telefonyň giňden ulanylmagy bilen bu baradaky maglumatlary indi  köplere elýeterli bolsa hem, saýtlarda habar okaýan okyjylar howa maglumatyndan hem habarly bolmak isleýär. Döredijilik toparymyz tarapyndan öňler hepdelik howa maglumaty boýunça habary saýtymyza ýerleşdirilýän bolsa, ýaňy-ýakynda “Watan” habarlar gepleşiginde berilýän howa maglumatyny gündelik okyjylaryma ýetirip başladyk. Indi bolsa, Size saýtymyzda ýörite bölüm açýarys we paýtagtymyz Aşgabat we ýurdumyzyň dürli künjekleri baradaky garaşylýan howa maglumatyny Size ýetirip başlaýarys.

Siz biziň howa maglumaty sahypamyzda howanyň häzirki ýagdaýy we geljekki 5 günlük howa maglumaty baradaky çaklamalary görüp bilersiňiz. Şonda, Howanyň temperaturasy (°C) bilen bilelikde howanyň hadysasy (bulutly we şm), Ýeliň ugry we tizligi (m/s), Howanyň çyglylygy (%) we Howanyň basyşy (mm) Size ýetiriler.

Sahypada Aşgabat şäheriniň maglumaty berilýär we beýleki şäherleriň howanyň häzirki ýagdaýy barada maglumat almak isleýän okyjylarymyz “howa maglumaty giňişleýin” diýip ýazylan ýere basmaly. Şonda ýurdumyzyň dürli şäherleri boýunça howanyň häzirki ýagdaýy baradaky maglumat elýeterli bolar. Gelejek  günlerdäki howa maglumatyny bilmek isleýän okyjylarymyz, ol ýerden isleýän şäheriniň adyny saýlamaly!  Maglumatlar  Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň web saýtyndan alynýar we Size ýetirilýär.

 

Täze Oýun: Makul Sözi Tap!

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi