DÜNÝÄ

Kamala Harrise täze wezipe tabşyryldy

ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris ýene bir täze wezipä eýe boldy. Ýagny, ol ABŞ-nyň Milli kosmik geňeşiniň başlygy wezipesine bellenildi. Bu barada syýasatçynyň özi «Twitter» hasabynda mälim etdi.

Harris: «Öň aýdyşym ýaly, ABŞ Aýa ymtylýar, oňa öz baýdagymyzy ornaşdyrarys. Milli kosmik geňeşimize başlyklyk etmek bolsa, meniň üçin beýik hormatdyr» diýip, şatlygyny yzarlaýjylary bilen paýlaşdy.

Demokrat Jozef Baýdeniň döwlet Baştutany wezipesine girişmegi bilen, Harris wise-prezident boldy. Ol ABŞ-nyň taryhyna Afroamerikaly we Aziýaly birinji wise-prezident hökmünde girdi. Oňa çenli Harris Kaliforniýa ştatynyň Baş prokurory we şu ştatyň senatory bolupdy.

 

Dünýäniň iň baý adamy aýaly bilen aýrylyşýar

 

 

Related posts

Migrasiýa ulgamyndaky türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Finlýandiýada 4 günlük iş hepdesi teklibi

vepa

Dünýäniň iň täsirli 100 adamy