SPORT

Çempionlar ligasy: “Real”:1 – 1: “Çelsi”

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýnunda Ispaniýanyň “Real Madrid” bilen Angliýanyň “Çelsi” toparlary duşuşdy. Duşuşyk 1:1 hasabynda deňme-deň gutardy.

“Real Madridiň” meýdançasynda geçirilen duşuşykda ilki bilen “Çelsi” topary tapawutlandy. Iňlis toparyndan 14-nji minutda Kristian Pulişiç geçirdi. Ol UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda gol geçiren ilkinji ABŞ-ly futbolçy boldy.

“Real Madridiň” düzüminde bolsa Karim Benzema tapawutlandy. Ol duşuşygyň 29-njy minutynda tapawutlandy. Ol öz sport dumuşynda Çempionlar ligasyndaky 71-nji goluny geçirdi we “Real Madridiň” düzüminde çykyş eden Raul bilen deňleşdi.

Çempionlar ligasynda iň köp gol geçiren futbolçy Kristiano Ronaldodyr. Onuň gollarynyň sany 134-e deňdir. Ikinji orunda 120 gol bilen Lionel Messi we üçünji orunda 73 gol bilen Robert Lewandowski barýar.

“Real Madrid” bilen “Çelsiniň” jogap duşuşygy 5-nji maýda London şäherinde oýnalar.

Howa maglumaty: 28-nji aprel 2021

 

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy