Guşçulyk ýedi hazynanyň biri hasaplanylýar. Guşçulyk ilatyň ete we et önümlerine, şeýle hem towuk ýumurtgasyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin aýratyn orny eýeleýär. Dünýäniň köp ýurtlarynda guşçulyk ýokary gymmatlygy bolan berhizlik iýmit önümleri (ýumurtga, et) we gaýtadan işleýän senagaty çig mal (ýelek, per, ders we ş.m.) bilen üpjün edýänligi üçin ol oba hojalyk önümçiliginiň beýleki görnüşleriniň arasynda esasy orunlaryň birini eýeleýär.
Häzirki wagtda guş etiniň we ýumurtgasynyň öndürilişi ýylsaýyn ýokarlanýar. Olary köpeltmek işleri hem şu günlerde uly meşhurlyga eýe bolýar.
Öý guşlaryny köpeltmegiň esasy ýollarynyň biri ýörite niýetlenen enjamlary (inkubatorlary) ulanmak arkaly köpeltmekdir.
Ýumurtgalary inkubasiýa etmek üçin ýumurtgalyk tohumyndan bolanlaryň 7 aýdan kiçi et-ýumurtgalyklaryň 8 aýdan, et üçin bolsa 9 aýdan kiçi bolmadyk towuklaryň ýumurtgalary kabul edilýär. Kabul edilen ýumurtgalar inkubasion ýumurtgalaryň hiline bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidir. Ýumurtgalyk-tohumlyk üçin saklanjak towuklaryň ýumurtgasynyň agramy 52-62 gram, et we ýumurtga üçin inkubatorda goýuljak ýumurtgalaryň agramy 52-67 gram bolmalydyr. Senagat sürüsini doldurmak üçin ýumurtgalyk-tohumlyk ýumurtganyň agramy 50-65 gram, et we ýumurtga üçin ýumurtganyň agramy 50-70 gram bolmalydyr.
Ýumurtgalaryň keşbi dogry bolmalydyr, sebäbi ol düwünçegiň ýagdaýyna täsir edýär.
Täze ýumurtgalary inkubatora ýerleşdirilýänçä aşakdaky görkezilen şertlere laýyklykda saklaýarlar;
-towuklaryň we hindi towuklaryň ýumurtgalaryny 5-6 günden köp bolmadyk;
-ördekleriň ýumurtgalaryny 7-8 gün;
-gazlaryň ýumurtgalaryny 10 gün.
Has uzak saklananda jüýjeleriň çykyşy, görkezilen möhletden artyk saklanan her gününde takmynan 4% peselýär, çykan jüýjeleriň hili bolsa ýaramaz bolýar.
Ýumurtgalaryň saklanýan otagynda howanyň temperaturasy 8-12 gradus çäklerinde, howanyň çyglylygy bolsa 75-80% bolmalydyr.
Temperatura inkubasiýanyň düzgüniň iň wajyp şertidir. inkubasiýa üçin iň amatly temperatura 37,5-37,7 gradus saýlanyp alynýar.
Ylmy maglumatlara görä, düwünçegiň ösüşiniň dürli möhletlerinde inkubatorda howanyň temperaturasy ilkinji 2 günde 38 gradus, 3-10 gün aralygynda 37,8 gradus, 11-16 gün aralygynda 37,5 gradus, 17-19 gün aralygynda 37,2 gradus, 20-21 gün aralygynda bolsa 36,9-37 gradus bolmalydyr.
Öý towuklaryny hojalykda hem köpeltmek bolar. Onuň üçin ýumurtgalary basyrjak ene towgy (kürklän towgy) saýlap alyp, onuň aşagyna gowy hilli ýumurtgalar goýulýar.
Ýumurtgalara hiç hili zyýan ýetmez ýaly olary ýumşak ýeriň (samanyň) üstünde goýmaly. 20-21 gün geçenden soň şol goýlan ýumurtgalardan jüýjejikler çykyp başlaýar.
ÝAZYÝEW ÝAZMYRAT,
TOHU-nyň talyby
Åahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak-mellek ýeri üçin ýer bölekleri barada maglumat