BIZNES

5 ýylda 430 milliardlyk maýa goýum

ABŞ-nyň dünýä belli tehnologiýa kompaniýasy “Apple” öňümizdäki 5 ýylda 430 milliard dollar maýa goýumlaryny özleşdirmegi maksat edinýär. Bu hem kompaniýa tarapyndan 20 müňden gowrak täze iş ornunyň döredilmegine mümkinçilik berer.

Kompaniýa tarapyndan berlen beýanata görä, kompaniýa ABŞ-da 2,7 million adamy iş orny bilen üpjün edýär. Şeýle hem bu kompaniýa ABŞ-dan iň köp salgyt töleýän kompaniýa bolup, soňky 5 ýyldaky tölän korporasiýa salgydynyň möçberi 45 milliard dollara deň boldy.

Maýa goýum maksatnamasyna laýyklykda, Demirgazyk Karolinada 1 milliard dollar sarp edilip, täze inženerçilik toplumy dörediler. Demirgazyk Karolina ştatynyň hemme ýerinde mekdepleriň we jemgyýetçilik guramalaryň başlangyçlaryny goldamak üçin 100 million dollarlyk gaznanyň dörediljekdigi we infrastruktura çykdajylaryna 110 million dollardan gowrak goşant goşuljakdygy mälim edildi.

Türkmenistan Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşar

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi