TEHNOLOGIÝA

Çagalar Iňlis dilini Makul Sözlemler bilen aňsat öwrenýär!

Çagalar indi Iňlis dilini has aňsat we gyzykly öwrenýär!  Makul Sözlük öz mümkinçiliklerini artdyrýar we täze bölümleriň üsti bilen Iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin goşmaça şertler döredýär.

Ýadyňyzda bolsa ýakynda Makul Sözlük saýtyna we Applikasiýasyna täze bölüm goşuldy we Çagalar üçin jemi 375 sözden ybarat Türkmen we Iňlis dillerindäki sözler suratlaryň üsti bilen gyzykly öwrenmek mümkinçiligi döredildi. Şonda, bu suratly sözleri ýene bir bölüm- Oýunly sözlük bilen durmuşda iň köp ulanylýan sözlerini özleşdirmek mümkinçiligi döredildi.

Döredijilik toparymyz Makul Sözlük saýtynda täze mümkinçilik döretdi.  Indi  çagalar Suratly sözlük bölümindäki her bir surat üçin täze sözlemi Türkmen we Iňlis dillerinde okap bilerler!

Mysal üçin “Armyt” sözi aşakdaky suratda görşümiz ýaly, Türkmen we Iňlis dillerinde berilýär we olaryň her iki dildäki sesli okalşy hem ulanyja  ýetirilýär. Şonda, çagalar “armyt” sözi bilen baglanşykly sözlemi hem okap bilerler! Şeýlelikde çagalar her bir söz üçin ýörite sözlemleriň üsti bilen Iňlis dilinde sözlem düzülişini öwrener we jemi 1080 sözi mysaly sözlemleriň üsti bilen öwrener!

Makul sözlük indi “offline” hem işleýär

Mälim bolşy ýaly, “Makul sözlük” Applikasiýasy täzelendi. Siz indi täzelenen Applikasiýada Çagalar üçin ýörite taýýarlanan “Suratly sözlük” we “Oýunly sözlük” bölümlerini “offline” görnüşde hem ulanyp bilersiňiz. Mundan beýläk çagalar internet bolmazdan hem “suratly sözlük” we “oýunly sözlük” bölümlerini ulanyp bilerler we suratlaryň üsti bilen iňlis dilini has gyzykly we aňsat özleşdirerler!

Android ulgamynda işleýän Täzelenen “Makul Sözlük Applikasiýasyny” göçürip almak üçin şu ýere basyň!

“Amazon” kompaniýasyna degişli bolan “Alexa Rank” maglumatlaryna görä, www.makulsozluk.com saýty, global saýtlaryň reýtinginde ilkinji 7000-likde, Türkmenistandan girilýän saýtlaryň arasynda bolsa ilkinji 6-likda öz ornuny tapdy. Bu reýtingiň ýurdumyzdan girilýän saýtlar baradaky sanawynda birinji orny Google saýtyna, ikinji orny bolsa www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna degişlidir.

Eýsem “Makul Sözlügiň” nähili aýratynlygy bar:

  • Jemi 15 müňden gowrak Iňlis we Türkmen dilinde söz bar. Bu sözleri “offline” görnüşde hem ulanyp bilersiňiz!
  • Jemi 40 müňden gowrak Türkmen we Iňlis dillerindäki sözler sesli görnüşde hem berilýär.
  • Sözleri sesli “gözleg” mümkinçilikleri bar.
  • Her gün täzelenýän “Makul Krossword” bilen Iňlis diliňizi has baýlaşdyryň!
  • Her gün 5 söz Applikasiýaňyza gelsin we söz baýlygyňyzy artdyryň!
  • “Makul Puzzle” Size gyzykly wagt geçirmek üçin goşmaça bölüm!
  • Jemi 700 sözlemi sesli we ýazmaça öwreniň, durmuşda iň köp ulanylýan sözlemler bilen Iňlis dilini öwreniň!
  • “Makul Sözlem” bölümini oýunly sözlem bölümi bilen bilelikde özleşdiriň we Iňlis dilinde sözlem düzmegiň aýratynlyklaryny öwreniň! “Makul sözlem” bölümi jemi 4300 sözden ybarat bolup, Iňlis dilini orta derejede öwrenmek üçin bu bölüm Size ýeterlik bolar!
  • Siz kompýuteriňizdäki internet saýtlaryndan haýsyda bolsa birinde Iňlis dilindäki bir habary, makalany we kitaby okaýan bolsaňyz we Size tanyş bolmaýan bir söz bar bolsa, onda Siz şol sözüň üstüne gelip syçanjygyň (mouse) çep gulagyna 2 gezek bassaňyz, “Makul Sözlük” size şol sözüň türkmen dilindäki terjimesini getirip berer.
  • Suratly sözlemleriň üsti bilen 1233 sözi gyzykly öwreniň! Bu sözlemler çagalar üçin ýörite taýýarlanylan sözlemler bolup, aňsat we gurluşy ýönekeý sözlemlerdir.

 

Intellektual sahypamyz Siziň hyzmatyňyzda!

Intellektual Sahypamyz boýunça Bölümler aşakda berilýär we Siz gyzyklanýan bölümiňiz üçin şol bölümiň üstüne basyň!

Atavatan Krossword

Makul Puzzle

Makul Sözlem

Makul Krossword

Sözlemli oýun

Suratly Sözlük

Oýunly Sözlük

Makul Goşundy

 

Dünýäde näçe web saýt hereket edýär?

 

Ýene-de okaň

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

«Türkmentel-2024»: maglumat tehnologiýalary üçin täze mümkinçilikler açýar

Ata Watan Eserleri

“Nvidia” – dünýäniň iň gymmatly brendi

Aşgabatda 17-nji gezek “Türkmentel-2024” atly halkara sergi geçiriler

“TikTok”-yň esaslandyryjysy Hytaýyň iň baý adamy boldy

“Yolugry” programmasy bilen yollar has amatly we gyzykly bolar!

Ata Watan Eserleri