PEÝDALY MASLAHAT

Iş döwri we oňa degişli bolýan döwürler barada peýdaly maslahat

Iş döwri we oňa degişli bolýan döwürler barada düşündirseňiz?

Bu soragyň jogaby Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda bellenişine görä,  2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilen “Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 29-njy maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, iş döwri diýlip, işiň häsiýetine garamazdan, bellenilen tertipde döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň hökmany görnüşlerine pensiýa gatançlary tölenilen şertinde, Türkmenistanda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslarda, Türkmenistanda hasaba alnan daşary ýurt döwletleriniň ýuridik şahslarynyň wekilhanalarynda we şahamçalarynda, Türkmenistanda ýerleşýän daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynda, konsullyk edaralarynda, halkara guramalarynyň wekilhanalarynda, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar-hususy telekeçilerde, hakyna tutma zähmeti ýa-da öý işgärleriniň zähmetini ulanýan iş berijiler-fiziki şahslarda, oba hojalyk önümlerini öndürýän kärendeçilerde zähmet şertnamasy esasynda işlenilen döwre düşünilýär.

Iş döwrüne özbaşdak iş bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň we hünärmenlik hyzmatlaryny edýän fiziki şahslaryň işi amala aşyran döwri, şol döwürde bellenilen tertipde döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň hökmany görnüşlerine pensiýa gatançlary tölenilen şertinde goşulýar.

«Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda raýatlaryň aýry-aýry toparlarynyň iş döwrüne şu aşakdaky döwürler hem goşulýar:

1) çagyryş boýunça harby gullugy geçilýän, şeýle hem ýokary harby okuw mekdeplerinde okalýan döwür;

2) işlemeýän adamlaryň I topar maýyplygy bolan adama ýa-da 18 ýaşa çenli maýyplygy bolan çaga seredýän 6 ýyldan köp bolmadyk döwri;

3) Türkmenistanyň daşary ýurtdaky diplomatik wekilhanasynyň, konsullyk edarasynyň, Türkmenistanyň halkara guramasynyň ýanyndaky wekilhanasynyň işgäriniň we oňa deňleşdirilen adamyň aýalynyň (adamsynyň), onuň bilen ýaşan, işsiz bolan 4 ýyldan köp bolmadyk döwri;

4) şahsyň çaga seretmek boýunça rugsatda bolan 6 ýyldan köp bolmadyk döwri.

Işgär näçe wagtdan hünär synagyny geçip biler?

Bu soraga bolsa şol resim saýtda,   2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan herekete girizilen Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 321-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerine laýyklykda, iş beriji işgärleriň hünär derejesini barlamak, işewür sypatlaryny kesgitlemek, agzalan Kodeksiň 322-nji maddasynda görkezilen işgärlerden başga kärine, hünärine, eýeleýän wezipesine olaryň laýyk gelşini ýüze çykarmak maksady bilen işgärleriň hünär synagyny geçirýär, diýip jogap berilýär.

Diňe degişli wezipede ýa-da iş ornunda azyndan üç ýyl işlän işgärler hünär synagyndan geçip bilerler. Her bir işgär üç ýylda bir gezek hünär synagyny geçip biler. Iş beriji tarapyndan, işiň aýratynlyklaryna görä, hünär synagy görkezilen möhletden ýygy hem geçirilip bilner, ýöne ol ýylda bir gezekden köp bolup bilmez.

 

Ata-enelik hukugyndan mahrum edilmek we çaganyň atalygyny anyklamak barada gysgaça maglumat

 

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde guruljak binalar boýunça bäsleşik

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik