JEMGYÝET

Ýaponiýada sakura gülledi

Bu Ýeaponiýanyň «Sakura festiwalynyň» başlanandygyny alamatlandyrýar. Meteorologiýa gullugynyň bu hoş habary yglan etmeginden soň millionlarça adam baglara we çemenzarlyklara gezelenje çykar.

Hünärmenleriň pikirine görä, şu ýyl alça adatdakysyndan bir gün giç gülledi. Ýöne käbir hünärmenler howanyň global maýyllamasyna garamazdan, alçalaryň taryhdaky ortaça wagtyndan alty gün öň gül açandygyny belleýärler.

Alça agajynyň güllemegi ýapon halkynyň durmuşynda aýratyn orun tutýan tebigy wakadyr. Ýaponlar diňe şondan soň ýazyň gelendigine ymykly ynanýarlar.

Şonuň üçin hem ýurtda tebigy özgerişliklere ýörite gözegçilik etmek üçin hem alça köp ekilýär we oňa baharyň buşlukçysy hökmünde baha berilýär.

 

57 günde 1 million sanysy satyldy

 

 

 

Related posts

Ruhubelent etrabynda bina ediljek metjidiň düýbi tutuldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda sadaka berildi

Ata Watan Eserleri

Mirziýoýew: Özbegistan 2027-nji ýyly “Öňüni alyş diplomatiýa ýyly” diýip yglan eder