SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Taýlandyň haçan syýahatçylary kabul edip başlajakdygy belli boldy

Tomsuň ikinji aýynda syýahatçylyk pudagyna getirilen wagtlaýyn çäklendirmeleri aradan aýyrjak döwletleriň hataryna Taýland hem goşuldy. Ýurduň hökümeti 1-nji iýuldan başlap, koronowirusa garşy waksina kabul eden syýahatçylar üçin Phuket adasyny açmak kararyna geldi.

Ýurduň resmi gazetleriniň biri ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça merkezi komitetiň maglumatlaryna salgylanyp, «Waksina kabul eden daşary ýurtly syýahatçylar adada karantin döwrüni geçmesizden dynç alyp bilerler» diýip ýazdy.

Ýurduň beýleki syýahatçylyk nokatlary bolsa 1-nji oktýabrdan başlap açylar. Aýdylyşyna görä, Taýlanda baran daşary ýurtly syýahatçylarda COVID pasportynyň bolmagy şertdir.

Ýeri gelende aýtsak, ýakynda Kipr 1-nji aprelden başlap, russiýaly syýahatçylar üçin serhetleriniňa açykdygyny habar beripdi.

 

Şu gün dünýä belli içginiň döredilen güni

 

 

Related posts

Türkiýedäki türkmen raýatlary getiriler: Stambuldan ýörite uçar gatnawy

Ata Watan Eserleri

PCR negative testiniň netijenamasy zerur däl: “Türkmenistan” awiakompaniýasy

Ata Watan Eserleri

Aşgabat – Seul – Aşgabat ugry boýunça uçar gatnawlary ýola goýulýar