JEMGYÝET

“Gaýmaga buglanan kömelek” tagamy.

Bahar paslynyň gelmegi bilen tebigatyň bize eçilen naýbaşy nygmatlarynyň biri hem meýdan kömelegidir. Meýdanda çykýan gelin kömelek ýaly kömelekleriň  dürli görnüşlerinden  türkmen tagamlaryny taýýarlamak elbetde aşpezlerimiziň ussatlyklaryna baglydyr. Biz hem bu makalamyzda internet maglumatlaryndan peýdalanyp  aşpezlerimize  “Gaýmaga buglanan kömelek” tagamynyň taýýarlanyşyny size ýetirýäris.

Gaýmaga buglanan kömelek tagamyny taýýarlamak üçin gerekli azyk önümler:

  • 1 kg meýdan kömelek  ya-da (hususy ýetişdirilýän kömelegem bolýar)
  • 140 gram ösümlik ýagy
  • 200 gram gaýmak
  • 3-4 sany sogan
  • Sarymsak, ukrop, petruşka, duz, burç

Taýýarlanyşy we bişirilişi

  1. Kömelegi suwda gowy ýuwup orta ululykda bolar ýaly dogramaly.
  2. Gazana ýag guyup gowy gyzandan soň kömelekleri goşmaly. Kömelekler gyzyp başlanda özleri suwuny çykarýar we gazany doldurýar. Duzlamaly we suwy bugaryp gutarýança gowurmaly.
  3. Kömelekler gowrulýarka sogany ýarym halka şeklinde dogramaly we aýry bir saçda sähel gyzarýaça gowurmlay.
  4. Kömelegiň suwy doly bugarýança garaşmaly we gowrulan sogany, gaýmagy gazana goşmamly. Odyny peseldip 30 minut bugda bişirmeli.
  5. Taýýar bolmanka islegiňize görä ukrop, petruşka, sarymsak dograp goşmaly. Gara we gyzyl burçy hem islegiňize görä goşup bilersiňiz.
  6. Kömelegiň ýany bilen kartoşka pýuresi hasam tagmly bolýar we bezeg berýär. Işdäňiz açyk bolsyn.

 

Taýýarlan: NURYÝEW BEGENÇ,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojayk

uniwersitetiniň talyby.

 

Baharyň gelşi “Semeni” bilen garşy alynýar

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi