SPORT

Meşhur stadionyň ady üýtgediler

Ady rowaýata öwrülen “Marakana” stadiony ýakyn wagtda täze ada eýe bolar. Ýurduň Rio-de-Žaneýro ştatynyň kanun çykaryjy edarasy stadiona Braziliýanyň we “Santos” toparynyň öňki hüjümçisi Peläniň adyny dakmak üçin geçirilen ses berişlikden soňra degişli çözgüt kabul etdiler.

Stadion “Edson Arantis du Nasimentu – şa Pele” diýlip atlandyrylar. Geçen ýyl 80 ýaşan dünýäniň futbolynyň ady rowaýata öwrülen futbolçysy Pele köp gezek “Marakana” stadionynda çykyş etdi. Bu ýerde 1969-njy ýylda “Santos” bilen “Wasko da Gama” toparlarynyň arasyndaky duşuşykda özüniň 1000-nji goluny geçirdi.

Mundan ozal, “Marakana” stadiony “Žurnalişta Mariu Filýu” diýlip atlandyrylýardy.

Pele Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzümi bilen 3 gezek dünýäniň çempiony boldy.

 

Ýulduz Jumabaýewa “altyn” medalyna mynasyp boldy

Ýene-de okaň

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy

AFK Çempionlar ligasy 2: «Arkadag» ilkinji tapgyry 1 utuk bilen başlady

Türkmen türgenleri bir halkara ýaryşda 40 medal gazandy

«Ahal» topary Hindistanda ýeňiş gazandy

Ronaldo Saud Arabystanyda “Altyn aýakgap” baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Luka Modriç 64 ýyllyk rekordy täzeledi