SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ukrainada “AstraZeneca” sanjymy bellige alyndy

Koronawirusa garşy işlenip düzülen “Covishield” sanjymy Ukrainada bellige alyndy. Bu sanjym “AstraZeneca” britan-şwed kompaniýasy bilen Oksford uniwersiteti tarapyndan işlenip düzüldi.  Bu sanjymyň ilkinji tapgyry Ukraina Hindistandan geler.

Ukrainanyň Saglygy goraýyş ministrligi gyssagly sanjym etmek maksady bilen “Oxford / AstraZeneca” sanjymyny bellige aldy. Bu sanjym bellige alynmazdan ozal, 15-nji fewraldan bäri hasaba almak işleri geçirildi. Hindistanyň Puna şäherindäki zawoddan 500 müň doza sanjym getiriler.

Ukrainada entek köpçülikleýin sanjym başlanmady. Bu ýurt Hytaýyň “Sinovac” kompaniýays bilen 1,9 million doza möçberinde sanjym almak barada şertnama baglaşdy. Şeýle hem Ukraina Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň “COVAX” halkara sanjym üpjünçilik mehanizminiň çäklerinde sanjym almagy meýilleşdirýär. Muňa 117 müň doza “Pfizer” hem-de 12 million doza “AstraZeneca” hem-de “Novavax” sanjymlary girer.

“Sinovac Biotech” hem-de “Pfizer” kompaniýalary hem sanjymlarynyň bellige alynmagy üçin Ukrainanyň hökümetine degişli resminamalary hödürläpdi.

MONGOLIÝADA SANJYMA BAŞLANDY

Mongoliýada ilaty köpçülikleýin sanjym etmek işine girişildi. Ilkinji bolup, ýurduň Premýer-ministri Luwsannamsraýn Oýýun-Erdene sanjym boldy.

Ýurtda “AstraZeneca” kompaniýasynyň işläp düzen sanjymy edilýär. Habarda bellenilişi ýaly, 16-18 ýaşdan ýokary bolan ähli raýatlara koronawirus sanjymy ediler. Çagalara sanjym etmek göz öňünde tutulmaýandygy, bu ugurda barlag işleri geçirilýär.

Iýul aýyna çenli ýurtda 2 milliona çenli uly ýaşdaky adamlara sanjym etmek meýilleşdirilýär.  Mongoliýada raýatlara ählumumy sanjym üçin dört sanjym – Russiýanyň “Sputnik V”, Hytaýyň “Sinopharm”, “Pfizer” kompaniýasy we “AstraZeneca” sanjymy ulanylar.

 

Tirkeş Mätnazarow: Maksadym şowsuzlyklardan ýokarda

Ýene-de okaň

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy