JEMGYÝET

52 ýyl öň ýazylan hatda geljek beýan edilýär

Angliýada ýaşaýan bir mebel ussasy köne mebelleriň biriniň içinde 1969-njy ýylda 11 ýaşly gyzjagazyň ýazan bir hatyny tapdy. Dogry, köne mebelleriň arasyndan geçmişiň ýadygärlikleri tapylyp biler. Bu bu ýadygärlik ― hat adaty däl. Ol geljek baradaky dogry çaklamalardan ybarat.

Haty okanlar, hakykatdan hem, gyzjagazyň geljek baradaky pikirlerine haýran galdylar. Hatda «akylly» teleulgamlar, özi açylyp-ýapylýan gapylar we mobil enjam arkaly ýüzbe-ýüz görüşmek ýaly zatlar barada ýazylypdyr.

Bu ýagdaý Kebrijşir sebitlerinde bolup geçdi. Köne mebeli abatlamak üçin eline alan ussa mundan 52 ýyl ozal ýazylan hata gabat geldi. Hatdan käbir bölekleri bile okalyňmy?

«1980-nji ýyl. Men 21 ýaşymda. 11 ýaşymy we mekdeplik günlerimi ýatlaýaryn: häzir köp zat üýtgedi. Mysal üçin, telewizor. Ol 1969-njy ýylda öňünde bir topar düwmeleri bolan dörtburç gutudy. Indi bolsa ony uzak aralykdan hem dolandyrýarys. Ekran hem ozalkysyndan has uly. Durmuşa çykdym, ýoldaşym işden gelýär. Ol menden gapyny açmagy haýyş edýär, men bolsa düwmä basyp, elektrikli gapymyzy açýaryn. 1969-njy ýylda telefon trubkasy üstünde goýulýan bir gapyrjakdy, indi bolsa gürleşýän adamlarymyzyň ýüzüni hem görüp bilýäris».

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi