JEMGYÝET

Türkmenistana gelmegiň çäklendirme möhleti

Dünýädäki çylşyrymly epidemiologiki ýagdaý göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan rugsat berlen aýratyn ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda, ýurda gelmegiň wagtlaýyn çäklendirme möhleti 2021-nji ýylyň 20-nji fewralyna çenli uzaldyldy. Bu barada “orient.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, mundan ozal Türkmenistana gelmegiň wagtlaýyn çäklendirme möhleti 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwaryna çenli bellenilipdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistan sebitdäki we dünýädäki çylşyrymly epidemiologiki ýagdaý bilen baglanyşykly we raýatlaryň saglygyny goramak maksady bilen otly we şäherara awtobus gatnawlary 2021-nji ýylyň 1-nji martyna çenli togtadyldy.

Bulardan başga-da, söwda kärhanalarynyň (azyk we gündelik haryt satýan dükanlardan başgalary) we jemgyýetçilik iýmit ýerleriniň (banket zaly, restoran, kafe we naharnaha) işi 2021-nji ýylyň martyna çenli çäklendirildi.

Şeýle hem COVID-19 koronawirus pandemiýasy sebäpli “Türkmenhowaýollary” awiakompaniýanyň ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagy 2021-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli uzaldyldy.

Siz saýtymyza goýulan habarlardan dessine habarly bolmak isleýän bolsaňyz, onda biziň Android ulgamynda hereket edýän applikasiýamyzy-Atavatan Türkmenistan Applikasiýasyny  telefonyňyza Google Plaý dükanyndan şu ýere basyp ýükläp alyň!

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmen gallaçylary 1 million tonna bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana döwlet saparyny amala aşyrar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Malaýziýa täze ylalaşyklara gol çekdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi

Arkadag şäherinde gurulýan metjit «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylar