MEDENIÝET

Iň şowsuz film yglan edildi

Ýylyň ahyry ýakynlaşdygyça dürli guramalar tarapyndan ýylyň iň gowularynyň yglan edilendigini habarlarymyzda dykgatyňyza ýetiripdik. Ynha, «Metakritik» guramasy bolsa iň ýylyň iň erbedini, biraz salyhatlaşdyrsak, iň sowsuzyny yglan etdi. Gurama görä, «Hakykatyň şa zenany» atly komediýa 2020-nji ýyldaky iň şowsuz filmdir.

Gurama munuň üçin ýörite ses berlişik geçirdi. Bu ses berlişige meşhur kino tankytçylary gatnaşdylar.

Baş keşbinde Denis Riçards bilen Maýk Taýson çykyş eden «Hakykatyň şa zenany» mümkin bolan 100 sesiň diňe 4-sini alyp bildi.

Iň erbet filmleriň ilkinji üçlügine «Söýgi, toýlar we beýleki betbagtçylyklar» we «Karzlary üzmek» atly filmler hem girizildi. Kiçi Robert Dauni tarapyndan surata düşürilen «Doktor Dolitliň haýran galarlyk syýahaty» atly filmi hem 2020-nji ýylyň iň erbet filmleriniň arasynda görkezildi.

Diňe bu-da däl. “NBC” teleýaýlymynyň «Dr. Seuss ‘The Grinch Musical Live» atly gepleşigi tamamlanyp barýan ýylyň iň erbet aýdym-sazly gepleşigi diýlip kesgitlenildi.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Ýene-de okaň

Türkmen filmleriniň halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünligi

Türkmenistanda atlaryň saglygyna emeli aň arkaly gözegçilik ediler

Türkmen hünärmenleri Türkiýede guralan halkara teatr festiwalyna gatnaşdylar

22-27-nji iýun aralygynda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldular

Türkmen filmleri “Turan” film festiwalynda görkezildi