BIZNES

Nebit guýylarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçiligine ornaşdyrmak arkaly nebit guýylarynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýörite hyzmatlary ýerine ýetirmegy hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 30-njy iýulynda çykaran 11189-njy Kararyna laýyklykda, Goturdepede nebitgaz ýatagynda guýylaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşan şertnamasyna degişli işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek hem-de şertnamanyň möhletini 8 ýyl uzaltmak barada goşmaça ylalaşygy bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky Karara Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde gol çekdi.

Mälim bolşy ýaly, Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk pardarlar jemgyýeti köp ýyldan bäri Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlary önümçilige ornaşdyrmak arkaly nebit guýularynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlyk edip gelýär.

Siz biziň Android ulgamynda işleýän Applikasyýamyzy şu ýere basyp, özüňiziň mobil telefonyňyza ýükläp ähli  habarlary aňsatlyk bilen okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy