ATAWATAN ESERLERİ

Ene söýgüsi

Soranmyş bir ene şahyra bakyp:

«Dünýäniň durky nä? Aýdyp bersene!»

Şahyr hem diýenmiş dyzyna çöküp:

«Dünýäniň bar durky ene, sen, ene!»

Gurbandurdy Gurbansähedow

 

Eje… Bu jadyly söz, gör, näçe ýatlamany, ýylylygy jemleýär özünde! Onuň näzik, mylaýym ellerini, wepaly, duýgur ýüregini diýsene. Enäniň ýüreginde ullakan söýgi saklanýar. Eger-eger sönmejek özem. Enä onuň özi bolup düşünäýmeseň, hiç kim onuň ýaly duýup bilmez diýjek özüm-ä. Şonuň ýaly doýubam bilmez diýjek çagasynyň mährinden. Halyňyz teň bolan pursatlaryňyzy sanap görüň, derdiňi çekişjek boluşy, çyn duýgudaşlygy, ýüreginiň gyýym-gyýym boluşy… «Eje» sözi aýratyn söz. Bu sözi islendik ýaşdaky adam buýsanç bilen aýdýar.

Eje… Bu söz islendik milletiň dilinde bar. O söz ýagty jahanda ýaşaýan halklaryň ähli dillerinde hem mähirli görünýär, mähribanlyk bilen okalýar.

Söýmek adamyň tebigatynda bar. Bu duýgy bizi has bagtly duýmagymyza kömek edýär. Kimdir birine bolan azajyk söýgi, ýa bolmasa duýgudaşlyk diýeli, ol dünýämizi täze reňkler bilen doldurýar. Söýgi bar, ýöne iň güýçli we iň wepaly söýgi enäniň çagasyna bolan söýgüsi. Çaga dünýä inende, ähli zerurlyklaryny bilýän ýeke-täk adam ejesidir. Dokuz aýlap garnynda göteren çagasyny göze görünmeýän sapak baglaýar bolmaly enesi bilen. Çaganyň ulalyşygy, boý alyşy, hatda onuň durmuş reňkleri bilen goýalyşy enäň söýgüsi bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Islendik adamyň ynamly we kämil şahsyýet bolmagy üçin enäniň söýgüsi zerurdyr.

Ynsan öz ömrüniň dowamynda enäniň keşbini hakydasynda, ýüreginde göterýär. Ol eýýäm ulalansoň, aladasyny we başdan geçirmelerini höwes bilen ýatlaýar. Sizde-de şeýledir! Enä bolan söýgi tebigatyň özi bilen mahsusdyr.

Enäniň söýgüsi adamzat üçin iň gymmatly sowgatdyr. Bu ajaýyp duýgy köp päsgelçilikleri ýeňip geçmäge ýardam berýär durmuşda. Bäş ýaşymyzda, on bäş ýaşymyzda, ýigrimi ýaşymyzda, hatda elli ýaşymyzda hem biz ejemiz üçin elmydama çaga bolup galýarys. Ene her niçigem bolsa çagasyny gowy görýär, islendik pursatda kömek etmäge we gurban bermäge taýyndyr ejelerimiz. Şu ýerde şahyr Gurbannazar Ezizowyň «Eneler» atly goşgusyny getiresim gelýär:

 

Eneler jomartdyr, giňdir eneler,

Olar kyn pursatyň kömege geler.

Ömürboýy oňa beren jebriňi

Ahyr bir söz üçin bagyşlap biler.

 

Bagyşlar-da, baky ýumar gözüni.

Agaç ata müner, zemine gider.

Diňe özi gitmez, beren jebriňi,

Sütemiňi ýany bilen äkider.

 

Sen onsoň aglarsyň. Tutarsyň içiň,

Emma seň gözleriň şol bagta zardyr.

Ene soňky demde günäňi öter,

Ýöne oň ötdügi saňa jezadyr.

 

Her adamda iki sany ganat bolýar: biri eje, beýlekisi kaka. Biz şol ganatlar bar wagty al-asmana uçup bilýäris. Ýöne, bir ganat bilen uçmak kyn düşýär… Has kynam eger sen pyýada ýöreýän bolsaň.

Türkmen atasyny kybla, enesini mukaddes Käbä deňän halk. Şeýle gudratda nähili söýginiň ýaşaýandygyny, heý, göz öňüňize getirip gördüňizmi? Ha bäş ýaşymyzda bolaly, ha-da elli bäş, ene hemişe gerekdir bize. Onuň näzik aladasy, mähirli maslahaty… Enäniň şöhle saçýan gözleri uzak ýollarda çagalaryna ýoldaş bolýar. Enä bolan söýgi näçe güýçli bolsa, durmuşymyz şonça-da manyly bolar.

Enelik söýgüsi hemişe aladada we ünsde ýüze çykýar. Ejeler adamyň jemgyýetde özüni alyp barşyny göreldesi bilen görkezip bu dünýäni açýar. Oňa mähirli, duýgudaş we kynçylykda galanlara gol uzatmagy öwredýär. Eje bu dünýädäki esasy ýolbeletimizdir! Kyn günlerimizde her birimiz enäniň söýgüsi bilen ýylanýarys. Ol çäksiz hem näzik. Ene günleriň garaňky bulutlaryny döwýän Gün şöhlesine meňzeýär. Enä bolan söýgini beýan edip biljek sözleri tapmak kyn. Galyberse-de, beren durmuşy üçin enelerimize minnetdarlyk bildirip bolarmy?

 

Laçyn Atabaýewa,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

 

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri