SPORT

Reşford “Barselona” toparynyň 36 ýyldan soň ilkinji iňlis futbolçysy boldy

Ispaniýanyň “Barselona” topary Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň futbolçysy Markus Reşfordy kärendesine aldy. Şeýlelikde, Reşford 1989-njy ýyldan soňra ispan toparynda çykyş edýän iňlis futbolçy bolar. Bu barada “Barselona” toparynyň metbugat gullugy habar berdi.

Gazanylan şertnama bir möwsüm üçin göz öňünde tutulandyr we şeýle hem futbolçyny satyn almak hem göz öňünde tutulýar.

Soňky gezek 36 ýyl mundan ozal, Gari Lineker “Barselona” toparynda çykyş eden iňlis futbolçy bolupdy. Ol ispan toparynyň düzüminde 1986-1989-njy ýyllarda oýnapdy.

Markus Reşford “Mançester Ýunaýted” toparynyň düzüminde ýetişen futbolçy. Ol geçen möwsümde Angliýanyň “Aston Willa” toparyna kärendesine berlipdi. Reşford “Mançester Ýunaýted” toparynyň düzüminde 2 gezek Angliýanyň Kubogyny we Liga kubogyny, şeýle hem bir gezek Ýewropa Ligasynyň kubogyny we Angliýanyň superkubogyny gazandy.

Reşford Angliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 62 duşuşykda oýnady.

Ýene-de okaň

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankulyýew WBC Eurasia çempiony boldy

Messi 6-njy gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Gurban Berdiýew “Spartak” toparyna tälimçi bolmandygyna ökünýär

“Kristal Pelas” UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy