SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Rus lukmany Türkmenistanda ýerli hünärmenler bilen tejribe alyşýar

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş boýunça halkara hyzmatdaşlygy giň gerime eýe bolýar.

Şu günler Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň umumy hirurgiýa kafedrasynyň asistenti, oňurga hirurgiýa bölüminiň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, spinal ortoped lukmany Denis Naumow ýurdumyzda iş saparynda bolýar.

Ýerli hünärmenlerimiz bilen Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda oňurganyň skolioz keseliniň birnäçe tapgyrlaýyn çylşyrymly rekonstruktiw ugry boýunça amaly-usulyýet, anyklaýyş, bejeriş işlerini geçirýärler hem-de tejribe alyşýarlar.

Şeýle hem russiýaly lukman ýerli hünärmenler bilen bilelikde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna daýanç-hereket ulgamynyň kesellerinden, şeýle-de oňurganyň dogabitdi dürli agyrlykdaky çylşyrymly gyşarmasyndan (skolioz keselinden) ejir çekýän çagajyklara tapgyrlaýyn çylşyrymly rekonstruksiýa operatiw bejergilerini, anyklaýyş-bejeriş amallaryny ýerine ýetirýärler.

Related posts

4 ýurtdan sanjym üçin 750 million ýewro

Ata Watan Eserleri

«Sputnik V» synagdan geçirilýär

Ýolagçy howa gatnawlaryň täze tertibi

Ata Watan Eserleri