SPORT

Portugaliýanyň çempionatynyň hüjümçisi “Arsenala” geçdi

Portugaliýanyň çempionatynyň soňky 2 möwsümdäki iň köp gol geçiren futbolçysy Wiktor Dýukeres “Sporting” toparyndan Angliýanyň “Arsenal” toparyna geçdi. Bu barada “Arsenal” toparynyň metbugat gullugy habar berdi.

Şwed futbolçynyň transfer bahasy 63.5 millio ýewro deň boldy. Portugal topayr ýene-de 10 million ýewro goşmaa töleg alar.

“Arsenal” toparynda şwesiýaly futbolçy 14 belgide oýnar. Bu belgide iňlis toparynyň düzüminde iň güýçli hüjümçilerinden fransuz Týeri Anri oýnapdy.

Dýukeres 27 ýaşynda we “Sporting” toparynyň düzüminde 2023-nji ýyldan bäri oýnaýar. Olzal bu futbolçy Angliýanyň “Kowentri”, “Braýton” toparlarynda oýnapdy.

Ol “Sporting” toparynyň düzüminde 2 gezek Portugaliýanyň çempiony boldy.

Geçen möwsümde Dýukeres 33 oýunda 39 gol geçirdi. 2023-2024-nji ýylyň möwsüminde bolsa, 33 duşuşykda 29 gol geçiripdi.

Ýene-de okaň

1/8 finala çykan ilkinji ýygyndy Kanada boldy

Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlaryna 999 futbolçy gatnaşdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy