6-njy synpda okaýardyk öýdýän. Şol döwürler žurnaldan okan bir hekaýam hiç ýadymdan çykanok. Ol bir ýaş gyzyň bir ýigide aşyk bolşy baradady. Gyz oglany näçe söýse-de, bu barada hiç dil ýararly dälmiş. Ýeser ýeri oglan gyzyň dünýäde barlygyndanam bihabarmyş. Şol wagt ol gyza haýran galypdym. Has dogrusy gülkümem tutdy. Ol wagtlar kir-kimirsiz çagalyk wagtym bu zatlar mana juda ýönekeý görünipdi. Kalbym edil ak kagyz ýaly arassady, ol ýerde hiç kimin ady ýokdy. Tä saňa duşýançam.
Orta mekdebi tamamlap ýokary okuw jaýyna okuwa girdim. Birinji kursy tamamlamana ýetişmänkäm hem ejem aradan çykdy. Ejem ýaşlygyndan ýürek agyrydan ejir çekipdi.Soňky döwürler hassalygy has-da beterleşipdi. Şol ömrüne oňa hiç ynjalyk bermedik ýüregi, ol heniz 50 ýaşyna hem barmanka bu dünýädäki işini tamamlapdy. Ol gün dünýäm sarsylypdy. Hamana ýer opurylyp asman meň üstüme gaçaýjak ýalydy. Maşgalada özümden uly iki erkek doganym bardy.Men ýeke gyz bolamsoň bar syrdaşym,joram ejemdi. Hemişe iň bir ýönekeý zatlarda hem ejem bilen maslahatlaşardym. Ol meň bu durmuşdaky iň esasy ýol görkezijimdi.
Ejem ýogalansoň hiç zat bilen serim bolmady, ne düzüwli iýip-içdim, ne-de ýatyp ukymy aldym. Hat-da ýetip gelýän ekzamenlerim hem meni özüme getirmäne ýetmedi. Durmuşymyň manysy gaçypdy, indi men kim üçin ýaşaýyn hä. Beýle ýagdaý üç aý dowam edenden soň tomus rugsadyma çykan badyma kakam meni hem ýitirmekden gorkup, lukmana ýüz tutup, birnäçe gün hassahanada galmana meni mejbur etdi.
Kakam görgüli şeýtse bar zat düzeler diýip pikir eden bolmaly. Hassahanada hem şol gamly pikirlere berilip oturşyma hiç zady duýmandyryn, hat-da seniň gelip, gapydan gireniňem eşitmändirin. Hal ýagdaýymy sorap, şepagat uýasyna bir zatlar tabşyrdyň. Maňa bakyp bolsa ýylgyryp çykyp gitdiň. Men bolsa “Lukmanyň öz jany bir sagmyka’’ diýip oýlandym şol wagtlar. Asyl görüp otursam sen hemişe ýylgyrýardyň, degişmäni, hassalaryňy güldürmäni bolsa hemme zatdan gowy görýärdiň. Ilkinji gün seniň bu bolşuňy ýeňleslik hasaplapdym. Soň düşündim. Şeýtmek bilen sen adamlary diňe güldüreňok-de, olary bagtly edýäň, gaýgy –aladalaryny, hassalyklaryny bir pursatlygam bolsa unutdyrýaň.
Maňa bolsa hemişe gülmeýänim üçin “Buz gyzy’’ diýerdiň. Näme üçindigini bilemok , meň halymdan habar almana ýanyma has köp gelerdiň. Ýa-da ol meň göwnüme şeýledi. Her gezeginde hem nähilidir bir zatlar gürrüň bererdiň. Olar esasan gülkülije wakalar ýa-da ýaňy ýakynda tamamlanan talyplyk ýyllaryňdy. Ýöne soň-soňlar üns bersem hiç wagt özüň barada, çagalyk ýyllaň barada gürrüň bermeýärdiň. Meni has-da özüne bendi eden zat seniň sesiňdi. Ýumşakdan juda owadan, tüýs erkek adamlara mahsus hem bolsa, juda jadylaýjydy ol ses. Ýuwaş-ýuwaşdan men özümi seň saýaňda ýa -da dermanlaň saýasynda has gowy duýmana başladym. Sen ýanyňda özümi ýeke duýmaýardym. Ýanymda ýok wagtyň hemişe ýüregim gysardy. Ir bilen bolýan otagyma gelip,halymy soramagyň meniň üçin iň esasy zada öwrüldi duruberdi.
Bir gün agşamara daşaryk gezmelemäne çykdym. Şol wagt seniň hem iş wagtyň tamamlanyp, hassahanadan çykyp gelýärdiň we ýanyňda hem bir gyz bardy. Juda golaýymdan geçip gitseňem meni görmediň ýa-da görmedik boldyň. “Göreňde näme, kim men seň üçin? Öz ýolum bilen bolubereýin-le” diýip ýöräp başladym. Aý ýok, bolar ýaly däl. Eýýäm aýaklarym saňňyldap, dodaklarym titreýär. Beýle halymy görmegiňi asla islemändim. Derrew yzyma öwrüldim,gaty-gaty ýöräp gelýärkäm hem, hat-da maňa tükeniksiz uzak görünen gije hem diňe sen hakynda oýlandym. Ynanýaňmy?! Oýlandykça öz etimi özüm iýip barýana döndim. Ilkinji gezek gabanjaňlyk duýgusyny başymdan geçiripdim. “Belki-de gürleşýän gyzydyr”, “Ýa ol öýlenenmikä, näçe çagasy barka”. “Näçe bolanda saňa näme diýsene. Gowusy kösenip oturman ertir gelende özünden göni soraýyn-la. Birden men barada nädogry pikir etse näme ? O nähili nädogry pikir etsin. Dogry dälmi?”
Ertesi gün nobatdaky barlaglarymy gözden geçirip, eýýäm sagalanymy, ertir hassahanadan çykyp biljegimi “buşladyň”. Bu-da ýarama duz basylana döndi. Meniň gitýänim üçin şatlanmagyň öýkesi düýnkä garanda çekip çydar ýaly däldi. Şol wagt hem el telefonyňa gelen habara bakyp çalaja ýylgyrdyň.
– Ol …ejeňmi?
Ine boldy. Özüm hakynda seniň erbet pikirler etmegiňi islemen elbetde. Muňa asla ýol bermen. Meniň seni halaýanlygymy aýtmag-a däl, ol barada pikir etmegiňi hem islämokdym. Seniň nähili düşünjegiňi nä bileýin? Beýle bir ýalňyşa ýol berip biljek däldim-ä men.
Aslynda bir pursatlyk dymsaňam şol wagt meň gözüme asyra barabar boldy. Bir gezek uludan demiňem aldyň öýdýän şonda.
-Uýam. Ýakynda durmuşa çykýar. Her gün öýe gelmänkäm öýe gerek zatlarynyň sanawyny iberýär. Ýa-da işden soň sowulyp bile gidýäs dükanlara. Ehh, ejem janam bolsa bolmaýarmy şu wagt ýanymyzda? Çagalarynyň bagtyna guwanardy şu wagt . Ol heniz men on bir aýlyk bäbekkäm ýogalypdyr. Ol wagtlar biz obada enemler bilen ýaşaýan ekenik. Şäherden uzakda ýerleşýän oba bolany üçin golaý goltumda lukman hem ýok eken. Hemişe pikir edýän şol wagt obada ýekeje lukman bolanlygynda hem ejemjan şu wagt aýatda diri bolardy. Şol sebäpli hem çagalykdan iň uly arzuwym lukman bolmakdy. Lukman bolsam eger…
Ondan soňky sözleriň hemmesi hem gulagyma ýetmän ýolda doňup galdy. Öz –özümden utandym. Tasdanam ötünç sorapdym. Zordan saklanaýdym. Men ejemi şu wagt ýitirenimiň agyrysyna çydamok , asyl sen bolsa bu awuly şarpygy çagalykdan iýipsiň. Sen ejeňe diňe iki sany reňksiz suratdan bakýarkaň , meniň ejem bilen bagly iň süýji ýakymly ýatlamalarym bardy. Ol ýatlamalar bolsa meniň üçin hemmeden gymmatly zada öwrüldi duruberdi seniň saýaňda. Ertesi güne garaşman şol günüň özinde ýetip gelýän okuw günlerimi bahanalap, rugsat sorap, hassahanadan çykyp gaýtdym.
Görsene!Hemme zat dek düýn bolan ýaly ýadymda.Ýogsa ondan bäri alty ýyl geçipdir. Häzir meni görseň asla tanamarsyň hem. Ýadyňa-da düşmen. Penjiräniň golaýynda güýzi synlap oturşyma ýene-de sen niredekäň diýip oýlanmaga başladym. Bu indi maňa endige öwrülipdir. Heran –haçan ýeke galan pursadym sen hakda oýlanmak meniň üçin adaty bir ýagdaý. Belki-de işden çykyp gelýänsiň ýa-da öýde maşgalaň, çagalaryň arasynda olaryň gaýgy- ünjüsiz oýunlaryna şärik bolýansyň. Haýsysy bolanda hem tapawudy ýok. Esasy zat iň uly dilegim BAGTLY BOL! Sen maňa bu durmuşdaky iň uly zady diňe özüň üçin özüň bolup ýaşamany, her gezek ýere ýykylamda aglap kimdir biriniň gelip kömek etmegine garaşmagy däl-de, özümiň ýerimden turup ýene ýoluma dowam etmelidigimi öwretdiň.
Ilki ilkiler hassahanadan çykamdan soň saňa hiç wagt duşmaryn diýsem-de kalbymyň töründe ýene seni görmek islegi alawlaýardy. Her gezek köçeden ýöräp barşyma indiki öwrümde saňa duşaryn diýýädim. Egni ak halatly lukmanlary görsem-ä ýüregim atygsabererdi. Belki şoň üçindir lukman oglanda gözüm eglendi. Onuň bilen diňe bir käriňiz däl, käbir häsiýetleriňiz, hat-da sesiňizem meňzeş ýaly. Ýakynda kärdeşiň bilen durmuş gurmakçy. Muny eşiden bolsaň süýjüden- süýji bagt arzuw ederdiň. Menem şeýle. Gel indiden beýläk hem hiç wagt gabatlaşmaly. Indiki öwrümde-de, ondan soňkuda hem hiç wagt duşuşmaly. Bu hat hem saňa ýazyp hiç wagt ibermedik hatlarymyň biri bolsun.
Ogulnur Çaryberdiýewa,
Ahal welaýaty, Tejen şäheriniň ýaşayjysy.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!