Zergärçilik sungatynyň sahypalary
Milli Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap aýratyn-da, toý-baýramlaryň bezegine, ene-mamalarymyzyň buýsanjyna öwrülen tyllaýy nagyşlara beslenen şaý-sepler ylmy nukdaýnazardan öwrenilmek bilen, diňe türkmenistanly däl, eýsem-de, daşary ýurtly hünärmenleriň hem ünsini çekip gelýär.
Türkmen halkynyň medeniýetiniň taryhynda aýratyn orny eýeleýän amaly-bezeg sungatynyň aýrylmaz bölegi-zergärçilik sungatynyň ösüş ýoly XIX-XX asyrlarda alymlary öz erkine goýanok. Bu ajaýyp sungatyň wajyplygy biziň wagtymyzda hem öz ähmiýetini ýitirenok.
Munuň sebäplerini şeýle düşündirmek bolar: ilkinjiden, şaý-sepler özüniň döreýşiniň dowamynda müňýyllyklaryň ýoluny geçip kämmileşip, ony döreden halkyň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar; ikinjiden, şaý-seplerde pederlerimiziň ylahy zehini hem-de buýsançly geçmişi ýatyr; üçünjiden,şaý-sepler halkymyzyň gadymdan gelýän edep-ekramy, edim-gylymlary, toý-baýramlary we däp-dessurlary bilen baglanşykly bolmagyna galýar.
XVIII-XIX asyrlarda ýewropa we rus alymlary, syýahatçylary, geograflary Orta Aziýanyň giňişliklerine gizlinligi perde edinip dürli maksatlar bilen syýahat edipdirler. Elbet-de, olaryň arasynda ylmyň hatyrasyna öz janlaryna töwekgelçilik edenleri (mysal üçin, Armeniý Wamberi-L.B.) hem bolupdyr. Bu syýahatlaryň netijesinde «hasabatlar», «ýol ýazgylary» we «käbir bellikler» döräpdir. Olarda «sähraýy» (çarwa) hem-de «oturymly» (çomry) pederlerimiziň milli mirasy, sungaty, däp-dessurlary hakyndaky gymmatly maglumatlar beýan edilipdir. Bular halkymyzyň gadymy we müdümi geçmişini öwrenmekde ilkinji çeşme bolmagynda galýar. Ol alymlardan N.N.Murawýowy, G.S.Karelini, I.F.Blarembergi, K.Bodeni (Kolyçew), G.Glubef de Blokweli, O.Donowony, G.A.Potanini we başgalary görkezmek bolar.
Milli şaý-seplerimiz hakyndaky dürli maglumatlar nusgawy edebiýatymyzda giňişleýin öz beýanyny tapypdyr. Beýik Magtymgulynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Mahmyt Gaýybynyň, Gurbanly Magrupynyň, Mämmetweli Keminäniň, Mollanepesiň, Annaglyç Mätäjiniň eserlerinde tyllaýy nagyşlara beslenen şaý-sepleriň tarypy şahyrana beýan edilýär.
XX asyryň birinji çärýeginden, togsonynjy ýyllar çenli aralykda milli şaý-seplerimiz belli bir derejede öwrenilen hem bolsa, düýpli ylmy-derňewleriň alynyp barylmandygyny bellemeli. Örän az sanly ýazylan makalalar, oçerkler, suratly bukletler halkymyzyň ylahy zehinden döredilen nepis sungatynyň aýratynlyklaryny açyp görkezip bilmedi. Olar anyk ylmy maglumatlar esasynda ýazylmanlygy sebäpli umumylaşdyryjy häsiýete eýe boldy.
Biz şu ýazgymyzda ylmy maglumatlar esasynda örän giň, ýöne entek doly derňelmedik meseleleriň biri- zergärçilik sungatymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýan çaga şaý-sepleri hakynda durup geçmekçi. Çaga şaý-sepleri, olaryň taryhy-etnografiki ähmiýeti, şol sanda gorag düşünjesi, dürli yrymlar bilen baglanşygy hakyndaky garaýyşlar entek açyklygyna galýar.
Munyň wajyplygy şulardan ybarat: sebitde ýaşaýan dürli halklarda bolşy ýaly, türkmenler hem maşgalada köp çagalylygy ileri tutupdyrlar; ýöne irki döwürlerde ýeterlik we kämil lukmançylyk hyzmatlarynyň bolmanlygy sebäpli çagalaryň heläkçiligi aradan aýrylmandyr; olar daşky dünýäni gurşap alan «gara güýçlerden» görlüpdir; şonuň üçin dürli dessurlar hem-de yrymlar olary ýok etmäge gönükdirilipdir.
Türkmen halkynda yslamýeti kabul etmezinden kän owal ençeme dini ynançlar, garaýyýlar we olar bilen baglanşykly yrymlar saklanyp galmak bilen soňky asyrlara, sözüň doly manysynda alanyňda biziň wagtymyza deňiç ähmiýetini ýitirmän gelýär. Şunuň bilen baglylykda pederlerimiz öz çagalaryna «göz-dilden gorasyn» diýen manysynda dürli doga-tumarlary dakypdyrlar. Emma, çaga şaý-sepleri beýleki bir tarapdan bezeg, zynat we owadanlyk üçin hem dakylypdyr.
Olar 3 topara bölünipdir: 1. Kelle bezegleri, 2. Boýun, 3. Döş bezegleri.
Ilki bilen çagalaryň gorag şaý-sepleri 4-5 ýaşa çenli jynsyna garamazdan meňzeş bolandygyny bellemeli. Ýöne şondan soň gyzlarda ýöriteleşdirilen (jyns tapawudyny aňladýan-L.B.) bezegler peýda bolupdyr. Oglanlaryň bolsa 7-8 ýaşdan başlap, käbirleri (mysal üçin: köýnegiň ýakasyndaky kümüş ildirgiç) bolaýmasa şaýlaryny azaldypdyrlar. Sebäbi bu ýaşa çenli olaryň saçy syrylyp gulpak goýlupdyr, ymmatyň kadasyna laýyklykda sünnete ýatyrypdyrlar. Gyz maşgalalar bolsa 9-12 ýaşdan başlap şaý-sepleri ozalkysyndan has köp dakynmak bilen, bezegler oral zenanlaryňka meňzeş bolupdyr.
Ýaňy dünýä inen çagalaryň kelle geýimine tumar hökmünde «dadran»- ýylan başy berkidipdirler. Olaryň üstüni gögümtil reňkdäki «gözmonjuklar», kümüşden zikgelenen «manatlyklar» ýetiripdir.Ýurdumyzyň demirgazyk etraplarynyň ilatynda ümbilmez çaganyň matadan tikilip taýarlanan kelle geýmine «ukalyk» dakyp, dört burçuna bolsa guradylan igde çatypdyrlar. Bu baş gaby «çille topby» diýlip, atlandyrylýar.
Türkmen kabylalarynyň hemmesinde diýen ýaly bezegler- «düwme» we «gaňrow» bolupdyr. Olar öz şaňňyrdysy bilen gara niýetli ruhlary kowupdyrlar. Şeýle hem çagajyklaryň tahýalaryna hüwüň we baýguşyň ýeleklerini berkidipdirler. Mälim bolşy ýaly dagdan köp türkmen kabylalarynda giňden ýaýrandyr. Dagdan köplenç üçburçlyk edilip, kä halatlarda doga ýazylan matadan tikilen (ol hem üçburçlyk görnüşinde) gapda köýnegiň ýakasynyň sag tarapyna çatylypdyr.
Ýeri gelende bellesek dagdan-dogalary diňe biziň halkymyzda däl, eýsem-de, dagly täjiklerde hem ýaýrandyr (Willd- Kawkaz karkasy: Köpetdagyň eteklerinde, Günbatar Pamirde, Kawkaz daglarynda we Zakawkazýede ösýär).
Dagdan dag etegi türkmen kabylalarynyň ählisinde gara güýçlere garşy gorag serişdesi hökmünde kabul edilendir. Gadymy pederlerimizden «dagdanly taýmaz-taýsada ölmez» diýen pähim galypdyr. Etnograf M.S.Andreýew bu ýagdaýy: «Huf jülgesiniň täjikleri öz tumarlaryny (tog: şu ýerden doga sözi – L.B.) dagdan agajyndan ýasapdyrlar, sebäbi olarda gara güýçleri kowýan gudrat bolupdyr» diýip, teswirleýär.
Şonuň üçin hem Zerewşan derýasynyň ýokary akymlarynda oturýan täjikler öz zynatly bezeglerine dagdanyň bölejigini goşupdyrlar. Biziň halkymyzda bolsa dagdan dogalaryny her obanyň mollary taýarlapdyrlar. Kä halatlarda dagdanlar arçadan, ýa-da nar agajyndan, şeýlede mermerden («merwer daş», «merwer dagdany») hem ýasalypdyr.
Türkmenistanyň demirgazyk etraplarynda, şonuň ýaly-da, Amyderýanyň orta akymyda ýerleşýän obalarda agaç tumarlary ýemşenden (tikenli gyrymsy agaç), ýa-da, tut agajyndan bolupdyr. Muňa goňşy özbek we garagalpak halklarynada hem duşmak bolýar. Mary welaýatynda dagdanlar gumda ösýän borjakdan (efedra) taýarlanypdyr. Merhum etnograf G.P.Wasilýewa (1920-2005 ýý.) şeýle ýazýar: «Günorta Türkmenistandan getirilýän dagdanlar güýçli gorag serişdesi hökmünde, edil günorta-da hem örän gyt bolupdyr».
Ýurdumyzyň günorta-günbatar etraplarynyň ilaty çaga tahýalaryna kümüş dagdany- «nagdaly» berkidipdirler. Onuň gelip çykyşy, gorag hökmünde ulanylmagy we adynyň (dagdan bilen) meňzeş bolmagy hiç-hili şübhe döretmeýär. Emma onuň döreýşiniň başga çeşmeleri hem bar: käbir etraplarda ol «pyşbaga», ýa-da «gurbaga» diýlip, atlandyrylmak bilen, bu bezegiň käbir görnüşleri özüniň meňzeşligi bilen haýran galdyrypdyr.
Biziň wagtymyzyň etnografiki edebiýatlarynda türkmen dagdanynyň müsür tomzagynyň güýji bilen meňzeşligi hakynda gyzykly garaýyşlar beýan edilýär. Orta Aziýanyň köp halklarynda tomzaklar (bizde ol «gajarbegdir»-L.B.) diňe göz-dilden goramagyň tumary däl-de, eýsem-de, nesilbaşylygyň dogasy hökmünde hem meşhurdyr. Şonuň üçin-de, halkymyzda gyzjagazlara kümüşden ýasalan bu bezegi dakmak bilen, haçan-da ol çykyp maşgala bolanynda, köp nesilli bolmagy arzuw edipdirler.
Şu ýerde dadrana- «ýylan başyna» hem ünsi çekmekçi: ilkinji nobatda ýylan başy (özbek.: «ilon başi», gyrgyz.: «jilandyş başi», kazak.: «jylan basy») köp halklarda örän ähmiýetli ruhy güýç hökmünde kabul edilipdir. Orta Aziýanyň halklarynda ýylanlaryň, aždarhalaryň uýmasy hakynda taryhy, arheologiki, etnografiki edebiýatlar, rowaýatlar we gürrüňler ýeterlikdir.
Alymlaryň ýazyşy ýaly «ýylan başyň» uýmasy gadymy we orta asyr Horezmiň hem-de Marynyň ilatyndaIV-VII asyrlardan bäri belli bolup, ol zenan şaý-sepleriniň aýrylmaz bölegi saýylypdyr.
Günorta Türkmenistanyň, hususan-da, dag eteginde ýaşaýan türkmen kabylalarynda «ýylan başyň» uýmasy biziň eýýamymyzdan ozalkyV-III müňýyllyklardan bäri gelýär. Demirgazyk Änew depelerinden tapylan küýze gap-gaçlarynda ýylanyň dürli görnüşdäki şekilleri ýedrleşdirlipdir. Hususan-da, XV asyryň ortasy bilen senelenýän Seýitjemaleddin (Änew) mesjidiniň gurluşygy bilen baglanşylykly rowaýatlaryň biri ýylanlar,ýa-da aždarhalar bilen utgaşýar. Bu rowaýatyň döreýşi hristýançylyk dini bilen (mysal üçin: jaň kakmak) bilen baglydyr.
Haçan-da, çaga ýörjen-ýörjen bolanda we özbaşdak bolanda onuň egin-eşikleri dürlüçe tikilip, onuň tahýasyna we geýmine dakylýan şaý-sepler hem çylşyrymly we owadan bolupdyr. Şunlukda misden ýa-da kümüşden gynly bilezikler bolup, ony çagajyklaryň bir, kä halatlarda iki aýagynyň topugyna geýdiripdirler. Onuň «burma» we «şihil»- işgil atlary bolupdyr. Ol bilezikler düwmelije bolup, esasan çaga heläk bolýan maşgalarda 1-1,5 ýaşdan, 3-4 ýaş aralygynda göteripdirller.
Çagalarda gorag şaý-sepleriniň uly köplügi iň ýokarky geýimde ýerleşdirlipdir. Donjagazlarda, keltekçelerde kümüşden, agaçdan, matadan dogalar,«ýylanbaşly» we «gözmonjukly» bolupdyr. Gyzjagazlaryň köýneginiň ýakasynyň iki tarapyna «çapraz-çaňňa» (başgaça sitara-L.B.), oglanjygyňka kümüş ilik («kilt») dakylypdyr. Mundan başga-da, donjagazlaryň eteklerini, keltekçeleriň arka ýüzüne, şol sanda donyň ýeňini teňňeler, uzynak we tegelek kümüş çaňňalar bilen bezäpdirler.
Ýöne köp şaý-sepler çagajyklaryň ýöriteleşen egniňe atylýan, goltugyň aşagyndan bagjyk bilen daňylýan üçburçlyk, ýeňiň ýerine «ganatlyja» geýimlere dakylypdyr. Onuň «ýelek», «ala ýelek kürte», «kürte», «alfak», «gurama» ýaly dürlüçe atlary bolup, ony çagajygyň ejesi ýaňy aýak bitende tikip, 5-6 ýaşyna deňiç geýipdir. Bu eginbaşyň çep egniňe dilikli tegelek ýakasy ala-mula jähek bilen jäheklenipdir, şonuň ýaly-da, ol aşak ýüzünden ýörelmändir.
Biziň toplan meýdan ýazgylarymyzda görkezilşi «ýaly ala» ýelek- örän bezegli geýim bolup, ol köplenç halatlarda baýramçylyklarda, maşgala dabaralarynda, ýa-da myhmançylyga gidilende, ýa-da myhman gelende geýdirilipdir.
Türkmenistanyň demirgazyk etraplarynyň ilatynda «ýelek» geýmedik çaga terbiýesiz, kelasaň bolup ýetişýär diýen düşünje bolupdyr. Günbatar etraplarda (Serdar, Etrek, Magtymguly) bu geýim, ýa-da ýapynja bilen baglanşykly «Ýelek geýmedik ýelter», «Ýelek geýmedik ýeller, hemme kişi biler» ýaly peder pähimleri galypdyr. Biziň pikirimizçe bu nakyllar XIX asyryň ahyrlaryna- XX asyryň başlaryna degişlidir.
XIX asyryň ahyrlaryndan başlap çaga geýimlerinde örän zynatly, hakykatdan-da çekdirlip duran peýkama (ok-ýaý) meňzeş şaý-sepler ýoň bolupdyr. Bu bezeg hem tumaryň manysyny beripdir. Geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda bu şaý-sep has stilleşip we özüniň diňe daşky sudury boýunça hem-de atlandyrylşy ýaly ozalky tumarlary ýatladypdyr.
Kümüşden, kä halatlarda altyn çaýylan ýasalan «ok-ýaý» oglanjyklaň donunyň ýa-da ýapynjasynyň- 2-3 ýaş aralygyndan , 6-7 ýaşa deňiç aralykda arka tarapyna berkidilipdir. Bu şaý-sep oglanjyga güýç we batyrlyk berýär diýen düşünje beripdir. Mundan başga-da, maşgalada indiki dogulmaly çagaň oglanjygyň bolmagyny diläp gyzjagazlaryň ýokarky geýmine dakylypdyr. «Ok-ýaýyň» gazaply ruhlary kowup bilýän ýoňsuz güýji hakyndaky düşünjeler köp halklarda bolupdyr.
Gadymy pederlerimiziň ok-ýaý bilen ilkinji tanyşlygy biziň eýýamymyzdan ozalky XI-VII müňýyllyklarda başlanypdyr.Olar ýyndam haýwanlary peýkamdyr sapan bilen awlapdyrlar.
Ok-ýaý bilen utgaşýan ylmy, epiki we edebi maglumatlar ýeterlikdir. Meşhur Gomeriň «Odesseý» eposynda onuň ýaýyny diňe özüniň çekip bilmegi, «Görogly» şadessanynda Göroglynyň özüne ýaraglar saýlanynda gylyç, naýza we galkan bilen bir hatarda peýkamy hem çekip güýjüni görkezmegi bu ynsanyň ilkinji oýlap tapan mehaniki ýaragynyň fiziki we ruhy kuwwatydyr.
Biziň toplan etnografiki maglumatlarymyz çagaň jyns tapawudyna garamazdan ýassygynyň aşagyna (başujyna) jöwher pyçak, Kuranyň goýulýandygyny tassyklydy. Bu ynanç örän köp halklarda bolup, çaga ýatanynda basyrganmasyn, gorkmasyn, aglap oýanmasyn (halkyň arasyndaky gürrüňlere laýyklykda sallançakda uklap ýatan bäbegiň gulagyna «şeýtan ejeň öldi, ejeň ýok» diýip gygyrýan eken) manylaryny beripdir.
Gysgaça aýdanyňda sowuk ýaraglar (köplenç jöwherden ýasalan) adamy gije hereket edýän gara güýçlerden gorapdyr. «Ok-ýaý» hem edil şonuň ýaly çagajyklaryň saglygyny, asudalygyny we işiniň rowaçlygyny hemişe goraýan bezeg bolupdyr.
Aslynda peýkam türkmenlerde (şonuň ýaly-da beýleki türki halklarda) diňe ýoňsuz güýçliliginden daşgary oglanjygyň ulalmagynda, kemala gelmeginde, iň esasy-da, fiziki we ahlak taýdan gaýratly ýigit bolup ýetişmeginde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Ok-ýaý bilen baglanşykly halk hekaýetleri, pähim-paýhaslar, ertekiler döräpdir. Akademik G.A.Potaniniň maglumatlarynda mongollaryň derbet (dýurbýut) kabylasynda kümüşden ýasalan peýkamyň we üç sany okuň çagaň sallançagyndan asylyp goýulmagy, onuň beden taýdan sagdyn ösmegine ýardam berýändigi nygtalýar .
Şu ýerde çagajyklaryň gulagyna we burnuna (soňky hemme kabylalarda adat däldir) dakylýan bezegler hakynda durup geçmekçi. Ilkinji nobatda, olar gorag manysynda dürli kesellerden we kynçylyklardan halas bolmagy aňladypdyr. Türkmenlerde gulagyň etli böleginiň deşilmegi uly dabara bilen bellenipdir. Gulak çaga 3-4 aý, kähalatlarda 1 ýaşandan soň bolanda deşilipdir. Soňky wagtlarda halkymyzda burun deşilmeýär. Ýöne muňa garamazdan demirgazyk etraplaryň ilatynda bu dessur biziň günlerimizde hem dowam edip, burna ysyrga dakmaklyk hudaýhalan däp saýylýar.
Çagaň gulagyna hünjin ýa-da monjuk dakylan ýüpek sapagy berkidýärler. Käbir türkmen kabylalarynda (japarbaý ýumutlarynda) gyzjagazyň gulagyny 2 ýaşda deşip, ilki ýüpek sapagy, ondan inçejik dagdan agajy geçirýärler. Gyzjagaz ol dagdanly 8-10 ýaşyna deňiç gezipdir.
Şu ýerde tahýalar hakynda durup geçmekçi. XVIII-XIX asyrlarda gyzjagazlaryň tahýasy (kä halatlarda oglanlaryňky) dürli kümüş teňňeler bilen bezelipdir, ortarasyndan gidýän gupbaň silindr turbajygyna hüwüniň ýelegi oturdylypdyr.
Oglanjyklaryň gupbasy gyzlaryňka garanyňda ýönekeý bolupdyr. Ahal sebitlerinde gupbany gymmatbaha daşsyz we altyn çaýylmadyk (altyn çaýylan gupbalar örän seýrek bolupdyr-L.B.) materialdan taýarlapdyrlar. Demirgazyk etraplaryň ilatynda oglanlaryň gupbasy gyzlaryňka garanyňda has ýukajykdyr. Balkan sebitleriniň ilaty oglanjyklaryň tahýalaryna pöwrize daşlary we şelpeleri bolan sekizburçly ýukajyk şaý-sep- «bent» berkidipdirler. Adatça oglanjyklar gupbaly tahýany 6 ýaşa çenli, gyzlar bolsa durmuşa çykýança göteripdirler.
Geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda köp ýerlerde oglanjyklaň tahýalaryna teňňe ýa-da gupba berkitmekligi galdyrypdyrlar. Onuň ýerine gorag şaý-sepi hökmünde kümüşden «üçburçluklar» (doga), hem-de içine Kuranyň aýatlary ýazylan kümüşden silindr turbajyklar (tumar) gelip, oglanjyklaryň tahýalaryna berkidipdirler.
Demirgazyk etraplaryň ilatynda çagalaryň baş gabyna «dyrnak», ýa-da «guş dyrnak» diýen bezegi dakypdyrlar. Ol kümüşden ýasalyp gorag şaý-sepi manysyny beripdir we çagaň baş gabynyň alyn tarapyna berkidilip, örän ýoňsuz bolupdyr. Şeýlede ol inedördül görnüşi bermek bilen, dürli taraplara bakyp duran şahajyklar, olaryň arasynda bolsa haç görnüşli heýkeljikler, galan 3 inedördülde bolsa kümüş şelpejikler berkidilipdir. Inedördüliň merkezinde uly serdolik daşy goýlupdyr. Bu bezegiň has irki döwürlerde uly ähmiýete eýe bolandygy ylmy maglumatlarda berilýär.
Zergärlerimiziň şaý-sep ýasanlarynda kümüşe ýykgyn edendikleri aýratyn bellärliklidir. gara reňke öwürilýär. Kümüş bakteriýalary ýok etmägi, suwy durlamagy başarýar.
Muny pederlerimizden galan dürli tejribeler we öz meýdan ýazgylarymyz hem tassyklaýar. Hususan-da, kümüş saglyk üçin peýdalydyr. Taryhdan aýan bolşy ýaly pederlerimiz uzak geçmişiň dowamynda ençeme migrasiýalary başdan geçirmek bilen içimlik suwlary gutaran wagty, guýularyň suwuny süýjetmeklik üçin kümüş teňňeleri ulanypdyrlar. Şonda kümüş suwdaky zäherli maddalary zyýansyzlandyryp, bakteriýalary gyrypdyr.
Aslynda şaý-sepleriň aglabasynyň kümüşden ýasalandygynyň ýene bir sebäbi onuň maýyşgaklyk häsiýetidir. Köplenç halatlarda ol şu häsiýeti bilen sowuk ýaragyň badyny alýar: aňsat döwülenogam, çapylanogam. Zarba gaty güýçli bolan halatynda iki gat bilezigiň birinji gatyndan geçip, ikinjisinden welin aňsat geçenok.
Şunlukda çagalara dakylýan şaý-sepleň ýene birine «bezbent»(« bäzbent») diýilýär. «Bezbent»- uly tegelek, iki gat ortasy serdolik gaşly, altyn çaýylan we ösümlik nagyşlary bilen bezelen şaýdyr. Köp türkmen kabylalarynda bezbent ýapynjaň arka tarapyna dakylypdyr. Onuň iki taraby kümüş tumarlar, ýukajyk şelpeler bilen berkidilipdir.
Türkmen zergärleri «bezbendi» iki gat-arasyna çäge guýup ýasapdyrlar. Sebäbi çäge sowuk we atylýan ýaragyň (okuň) badyny alypdyr. Onuň arasyna derman oty, güläp suwuna ýatyrlan pagta hem dykylypdyr. Ony dakynan çagaň burnuna ys gelip durar ýaly, dört ýerinden deşik deşilipdir. Şelpelerde düwmejikleriň sazlaşykly sesi islendik adamyň, şol sanda nerwi ulgamyna oňaýly täsir edipdir.
Bir söz bilen aýdanyňda her bir halkyň eşigem, şaý-sepem onuň durmuşynyň etikasyndan gelip çykýar. Döwürdeş italýan etnografy L.Çençiň: «Türkmeniň üýtgewsiz ruhy gymmatlyklaryny şu güne çenli saklanyp galan zergärçilik sungatynda görmek bolýar» diýip, ýazmagy tötänlik däldir.
Sözümiziň soňunda, akademik G.A.Pugaçenkowanyň: «Türkmen zergärçilik önümleri beýleki ortaziýa halklarynyň şaý-seplerinden düýpli tapawutlanypdyr. Olar haýran galdyrjylykly ussatlyk bilen ýerine ýetirlipdir» diýen kesgitlemesini aýratyn bellemekçi. Bu sungat bize asyrlardan aşyp, köňüllerimizde beslenipdir. Olar her bir türkmen kalbynyň tyllaýy nagyşladyr.
Laçyn BABAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
mugallymy
_________
*Haçan-da,maşgalada bir adam agyr hassa bolup ýatsa, sanalgysy dolsa onuň başujynda Kuran bilen jöwher pyçak goýulýar.
**Mysal üçin garadaşly kabylasynda
Bellik : Fotosuratlar https://medeniyet.gov.tm saýtyndan alyndy.