JEMGYÝET

Sebitiň tapawutlanan desgasy: Halkara ýanyk şikesleri bejeriş merkezi

Şu gün ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilip geçildi. Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda Halkara ýanyk şikesleri bejeriş merkezi hem-de Estetiki merkezi açylyp ulanmaga berildi.

Häzirki zaman lukmançylygynyň hem-de innowasiýanyň täze tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bu lukmançylyk ugrunyň täze desgalarynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Şeýle hem bu dabara “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk, ýurdumyzyň hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary hem-de dünýäniň dürli ýurtlaryndan, hususan-da Germaniýadan köp sanly lukmanlar we myhmanlar gatnaşdylar.

HALKARA BAÝRAKLY LUKMANÇYLYK DESGASY AÇYLDY

Ilki bilen Aşgabadyň Bekrewe köçesiniň ugrunda täze gurlan Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi ulanmaga berildi. Şeýle hem bu dabaralar baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk dabaralaryna badalga berilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Dabaralara gatnaşan hormatly Prezidentimiz döwrebap lukmançylyk desgalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşan myhmanlaryň öňünde çykyş etdi.

Milli Liderimiz öz çykyşynda doganlyk Türkiýe Respublikasynyň “Gap Inşaat” kompaniýasy tarapyndan gurlan Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi 5 gatdan ybaratdyr.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly:

  • Bu merkez 130 orunlykdyr. Olaryň 20-si çagalar, 80-si uly ýaşly adamlar üçin niýetlenendir. Galan 30-synda bolsa plastiki dikeldiş hirurgiýasy hem-de güýçlendirilen bejergi bölümleri ýerleşýär.
  • Merkeziň düzüminde tiz kömek gullugy,kabul ediş, maslahat beriş, anyklaýyş, barlaghana, ýanykdan soň şikesleri azaldyp, hereket etmäge ýardam berýän dikeldiş, endoskopiýa, zyýansyzlandyryş hem-de ýatymlaýyn bejeriş bölümleri bar.
  • Merkezde bir bada 6 näsagyň bejergi almagy üçin niýetlenen 1 we 2 orunlyk baro kameralar hem işleýär.
  • Bu bolsa hem ýanyk şikeslerini doly bejergi etmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir.
  • Şypaly “Berzeňňi” suwy bilen ýanyk şikeslerini bejermekde balnelogiýa bölümi bar.
  • Binanyň 2-nji gatyndaky 4 zaldan ybarat operasiýa bölüminde ýanyk ýaralaryny emeli deri bilen örtmek, arassalamak, bogunlaryň hereketlerini dikeltmek amallaryny, plastiki operasiýalary ýerine ýetiriler.
  • Merkeziň reanimasiý bölümi ýanyk şikeslerini bejermek üçin zerur bolan enjamlar bilen hem-de çyglylygy we gyzgynlygy sazlaýan enjamlar bilen üpjün edildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz hem-de myhmanlar Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň bölümlerini aýlanyp gördüler.

HALKARA BAÝRAKLARY GOWŞURYLDY

Dabaranyň çäklerinde Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezine dünýäniň iri lukmançylyk edaralarynyň halkara şahatdanmalary gowşuryldy.

  • Germaniýanyň Federal ýanyk şikesleri birleşmesi tarapyndan Aşgabat şäherindäki Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi sebitde tapawutlanan ýanyk şikesleri merkezi hökmünde saýlandy we bu barada degişli güwänama gowşuryldy.
  • Sýurih federal tehnologiýalar instituty tarapyndan Aşgabat şäherindäki Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezine ýokary tehnologiýaly we innowasiýalar sylagy gowşuryldy.

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

«Ak şäherim Aşgabat-2026»:Türkmenistan daşary ýurtly kompaniýalar bilen resminamalar toplumyna gol çekdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Ukrainanyň DIM-niň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Si Szinpine gynanç hatyny iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rustam Minnihanowa 2 sany alabaý sowgat iberdi

Ata Watan Eserleri

Donald Tramp Türkmenistanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Türkmenistanda 27-28-29-njy maýda Gurban baýramy bellener