Türkmenistanyň Prezidentiniň golaýda çapdan çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby hytaý dilinde neşir edilip, okyjylar köpçüligine ýetirildi.
«Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, milli Liderimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda döreden bu eseri halkymyzyň asylly däpleriniň dowamatyny alamatlandyrmak bilen, ynsanyýetiň taryhy-medeni gymmatlyklaryny hemmetaraplaýyn öwrenmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň dürli dillere terjime edilmegini haýyş edip, dünýäniň giň ylmy köpçüliginden yzygiderli haýyşnamalaryň gelip gowuşmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň bu kitaby Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda çapdan çykypdy. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek, ony aýawly saklamak, giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere döwlet Baştutanynyň ylmy taýdan esaslandyrylan garaýyşlaryny özünde jemlemek bilen, gymmatly gollanma öwrüljek ylmy maglumatlara, rowaýatlardyr tymsallara baýdygy bilen okyjylaryň ünsüni çekýär.
Kitabyň hytaý dilinde çap edilmegi oňa tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary baha berip, uly gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek tassyklaýar. Dünýäniň iň giňden ýaýran dilleriniň biri bolan hytaý dilinde çapdan çykan bu kitap dostlukly ýurduň halky üçin türkmen halkynyň baý taryhy we medeni mirasy, asylly ýörelgeleri hem-de milli däpleri hakyndaky maglumatlary ene dilinde okamaga mümkinçilikdir.
Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!