Ynsan durmuşynda juda jogapkärli, örän kyn we şol bir wagtyň özünde hem iň bir gözel pursatlar hasaplanýan juwanlyk döwrümiziň, ýakymly talyplyk ýyllarynyň iň soňky 5-nji ýylynyň ilkinji gyzgalaňly günlerine gadam basypdyk. Ajaýyp güýz paslynyň jana şypaly ýakymly howasy töweregi gurşap alypdy. Indi biz 5 ýylyň içidir bir okuw otagynda, bir partada okaýan, umumy ýaşaýyş jaýynda bir otagda bile ýaşaýan kursdaş dostum Perman bilen sentýabr aýynyň ilkinji şenbe güni okuwdan soň Saglyk ýolunyň etegindäki seýilgähe gezelenje gitdik. Gezelenç juda gyzykly hem täsirli boldy.
Seýilgähde bizden başga hem ençeme adamlar, ýaşlar, çagalar we maşgalalar gezelenç edip ajaýyp dag howasyndan lezzet alýardylar. Şeýle ajaýyp pursatlarda seýilgähde ýaş maşgalalar hem aýlanyp ýördüler. Seýilgähde öz maşgalasy bilen bile aýlanyp ýören sadadan sypaýy, hakyky türkmen ýigidine gelişip duran agras ýüzli, döşleri gapak ýaly görmegeý ýaş ýigit bilen ak ýüzli, derek boýly gara gözli geliniň bagty hemmäniň ünsüni özüne çekýärdi. Olar şeýle biri-birine mynasyp ýaşlardy. Şol wagt öz maşgalasy bilen bile aýlanyp ýören ýaňky ýaş gelin birden etek alty, ýeň ýedi bolup bize tarap ylgap gaýtdy. Gelýärkä-de sesiniň ýetdiginden: “Perman, Perman dur, dur diýýän saňa” diýip demi-demine ýetmän bir-iki ýola gygyrdy. Dostum ikimiz aňk-taňk bolup gelne seredip duran ýerimize doňup galdyk. Gelin haýdaşlap gelşine biziň deňämizden 5-10 ädim daşlykda suw çüwdürimine elini sokup oýnap oturan 4-5 ýaşlaryndaky oglanjygy göterip aldyda: “Wah! Permanjan öýden gaýtmankak saňa kakaň bilen bile aýtdyga biziň ýanymyzdan daşa gitme diýip, tas suwa ýykylýadyň goragol diýsänim” diýdi-de, bize üns hem bermän çagasyna ýene bir zatlar samraşdyryp guş göteren ýaly edip göterip alyp gitdi. Dostum Perman bolsa bir duran ýerinde butanam doňňara daş ýaly bolup doňup durdy. Ol özüne gelip bilmän, başy aýlanyp zordan gapdalda duran oturgyçda oturdy. Soňra ýanymyz bilen getiren suwumyzdan içip özüni dürsedi. Şonda men Permanyň näme beýle agyr hala düşmeginiň sebäbini soranymda ol şeýle gürrüň bermäge başlady.
“Edil şu günki ýaly ýadymda men orta mekdebi tamamlan wagtlarym goňşy obamyza daýymlara toýa barypdym. Toýda hyzmat edip ýören uzyn boýly, gara gözli, sadadan sypaýy, agras, saçlary dyzyna ýetip duran bugdaýreňk bir gyz meni özüne çekdi. Gyza näçe seretdigimçe seredesim gelip durdy. Toý sowulan badyna men ol gyzyň adynyň kimdigini, nirede ýaşaýandygyny anyklamak üçin daýymyň gyzynyň ýanyna bardym. Ony gowy görenimi eger-de başga göwün bereni ýok bolsa söz aýdyp görmekçidigimi aýtdym. Daýymyň gyzy Jereniň ýardamy bilen onuň jorasy Maýa hem uzak garaşdyrman söýgüme söýgi bilen jogap berdi. Maýa bilen biri-birimizi gowy görýärdik, sylaýardyk, durmuş gurup bagtly bolmak barada süýjiden süýji arzuwlarymyz bardy. Günleriň bir güni Maýa maňa ony öz garyndaşlaryna durmuşa çykarjak bolýandyklaryny aýtdy. Men bolsa Maýa meni synap görjek bolýandyr, bu ýöne bir söýgi synagydyr diýip Maýanyň sözüne känbir pitiwa hem etmedim. Sebäbi men asla beýle zat bolar diýip pikir hem edemokdym, Maýa diňe meniň bagtym diýip hasap edýärdim. Ýöne göwnüme bolmasa Maýa menden gün günden daşlaşyp barýan ýalydy. Bu barada daýymyň gyzy Jerene jaň edip soranymda onuň hem Maýanyň öz daýysynyň ogly Döwran bilen toý edýändigi, golaý wagtda toý sähediniň bellendigi baradaky aýdanlaryny eşidenimde depämden gaýnag suw guýulan ýaly boldum. Özümi dürsäp dessine Maýa jaň etdim. Maýa telefony alyp, zordan salamlaşdy we şu günden beýläk özüne jan etmezligini, toý sähediniň bellenendigini aýtdy. Men oňa iň soňky gezek duşuşmagy teklip edenimde, Maýa teklibimi kynlyk bilen kabul edip, duşuşyga geldi. Ýöne bu gezek duşuşyga ýeke özi däl-de jorasy Jeren bilen bile geldi we “indi ähli zadyň giçdigi, beýle gowy görýän bolsaň mundan birnäçe gün jaň edip meni öz garyndaşlaryma durmuşa çykarjak bolýarlar diýenimde baş galdyrmaly ekeniň” diýip içi-içine sygman aglady. Şonda men oňa entäk hiç zat üçin giç däl diýdim-de meniň bilen gaçmagy teklip etdim Maýa bolsa beýle masgaraçylygy edip bilmejekdigini, ýöne meni juda gowy görendigini, günleriň bir güni ogul perzendi bolsa adyna hökman Perman goýjakdygyny aýdypdy. Men hem gyzym bolaýsa adyna hökman Maýa goýjak diýip gamgyn halda yzyma dolandym. Şondan soň Maýanyň durmuşyndan hiç hili habar bolmady. Soňra men çagyryş boýunça harby gulluga gitdim, iki ýyllyk gulluk borjumy üstünlikli tamamlap gelenimden soňra hem paýtagta okuw geldim, ine dostum ondan bäri eýýäm 10 ýyla golaý wagt geçdi. Muňa ykbal diýilýär. 10 ýyldan soňra hem ilkinji göwün beren gyzyma şeýle ýagdaýda gabatlaşdyk. Ýöne ýene-de bir ýerde men öz sözümde durmandygymy boýun alýan görýäňmi onuň oglynyň ady Perman eken-ä meniň gyzymyň ady Maýa däl-de Aýgül” diýip, Perman uludan dem alyp gürrüňini jemledi.
Bu wakadan 10 aýdan soň ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlap herimiz bir käriň eýeleri bolup dogduk obamyza dolandyk.
…Ýokary okuw jaýyny tamamlanymyza 20 ýyl boldy.
Tamamladyk instituty,
Ýigrimi ýyl mundan ozal biz.
Owadandyk şol mahal,
Indi has hem gözel biz.
Sebäbi bu durmuşda,
Her kimiň öz orny bar.
Gül ýaly ýan-ýoldaşy,
Hem ogly, hem gyzy bar.
Boýun alýas talypkak,
Garagolduk, betdik biz.
Mugallymlaram kä ýarym,
Käýinmelem etdik biz.
Azadyny, instituty,
Tamamladyk şeýdip biz.
Akyllanyp, öýlenip,
Başga birin söýdük biz.
Uçup gitdi gyzlaram,
Ganatlaryn gerdi-de.
Ýatdan çykyp gitdi soň,
Şowsuz söýgiň derdi-de.
Ýokary okuw mekdebini tamamlanymyza 20 ýyl wagt geçendigine garamazdan kursdaş oglan – gyzlarmyz bilen ýygy-ýygydan jaňlaşyp, habarlaşyp durýardyk. Bir günem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen obamyzda gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ak mekdebimizde ýaşlara bilim berip oturan wagtym el telefonumy kursdaşym Perman maňa jaň edip, nowbahar gyzy Aýgüliň Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okaýan öz kursdaş ýigidi bilen durmuş gurýandygy üçin ýaşlaryň bagt toýuny tutýandygyny, toýunyň hormatly myhmany bolmak üçin maşgalamy, çagalarymy alyp, toýa hökman gelmelidigimi aýdyp toýa çagyrdy.
Biz maşgalamyz bilen ýegre dostumyz Permanyň toý çakylygyny kabul edip, paýtagta toýa geldik. Ak mermere bürenen ajaýyp paýtagtymyz görlüp-eşidilmedik derejede özgeripdir, ajaýyp şäherimizi görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Ine-de paýtagtymyzdaky kaşaň toý mekanynda bagtly ýaşlaryň bagt toýy uly dabara bilen başlady. Toý mikrofonynda toýuň alyp baryjysy durmuş gurýan ýaş juwanlar Aýgül bilen Permanyň ene-atalaryny orta çagyrdy. Öz balalarynyň bagtyna guwanýan ene-atalar şeýle bagtlydy. Görüp otursam bize mundan 20 ýyl öň seýilgähde sataşan Maýa öz ýoldaşy Döwran bilen oguljygy Permany gelni Aýgüli durmuş toýy bilen gutlaýar. Dostum Perman bilen Maýa durmuş gurup bilmese-de olaryň nowbahar perzentleri öz ykbalyny biri-birine ömürlik bagladylar.
Muňa ykbal diýilýär…
Remezan Gullyýew,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!