JEMGYÝET

Garaşsyzlyk baýramy üçin günä geçişlik

Türkmenistanyň baş baýramy – Garaşsyzlygyň 29 ýyllygy mynasybetli jenaýat edendikleri üçin iş kesilenleriň günäsini geçmek babatda taýýarlanan resminama ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz asylly däbe eýerip, iş kesilen 812 raýatymyzyň, şeýle hem 3 daşary ýurt raýatynyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň 29 ýyllygy mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi.

Milli Liderimiz  Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşýan hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen ähli adamlaryň tussaglykdan boşadylyp, ýakyn wagtda öýlerine, maşgalasynyň ýanlaryna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Welaýat, etrap we beýleki ýolbaşçylara bolsa, günäsini geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek babatda zerur çäreleri görmegi tabşyran milli Liderimiz günäsi geçilen adamlaryň bolsa zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşanlaryny goşmaklaryny arzuw etdi.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

“Terra-News”: Makul Sözlük Rus metbugatynda

Ata Watan Eserleri

“Vestiabad”: Makul Sözlük Türkmen metbugatynda

“UssatNews”: Makul Sözlük Türkmen metbugatynda

Ata Watan Eserleri

TMCARS: Makul Sözlük Türkmen metbugatynda

Ata Watan Eserleri

Halkara Habarlar Merkezi: Makul Sözlük Türkmen metbugatynda

“Orient TM”: “Makul Sözlük” türkmen metbugatynda