“Kia” elektrikli awtoulag meýilnamalarynyň çäginde 7 ýylyň içinde 7 sany täze awtoulag öndürmegi meýilleşdirýär. Meýilnamanyň çäklerinde “Kia” 2027-nji ýyla çenli 7 sany elektrik awtoulag modelini hödürlär .
“Teslanyň” ýolbaşçylygyndaky elektrik awtoulag bazarynda köp kompaniýalar öz modellerini öndürip ýaryşa gatnaşarlar.
Elektrikli awtoulaglaryň sanynyň ýylsaýyn artmagyna garaşylsa-da, Günorta Koreýanyň awtoulag öndürijisi “Kia” kompaniýasy 7 sany täze model bilen ýaryşa elini güýçlendirer.
“Kia” -nyň 2029-njy ýyldaky satuwynyň dörtden bir böleginiň elektrik awtoulaglaryndan ybarat boljakdygy bellendi. Günorta Koreýa markasynyň elektrik awtoulag meýdançasynda “Tesla” we “Volkswagen” bilen boljak bäsleşikde üstün çykmak isleýändigi mälim edildi. Kia-nyň elektrik awtoulaglary “Hyundai Group”-nyň “E-GMP” atly platformasynda öndüriler.
Şeýle hem, “Kia” -nyň elektrik awtoulaglary üçin Ýewropada 2400 zarýad beriş stansiýasyny gurjakdygy habar berildi.
Alnan maglumata görä, Kia-nyň indiki nesil elektrik ulaglarynyň ilkinjisi hökmünde çykjak model, 2019-njy ýylyň Ženewa awtoulag sergisinde hödürlenen “Imagine by Kia” konsepsiýasynyň önümçilik wersiýasy hökmünde hödürlener.
Kompaniýanyň ady entek belli däl bolan bu “SUV” modeli, “Rimac” bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen “E-GMP” atly täze arhitektura esasynda öndüriler. 500 kilometr aralyga hödürlenjekdigi mälim edilen bu ulag 20 minudyň içinde zarýad alar.
Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.