BIZNES

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna enjamlar satyn alnar

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň tehnologik desgalary üçin sorujy enjamy we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak meýilleşdirilýär diýlip sanly  wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen  Ministrler Kabinetiniň nobatdaky Mejlisiň barşynda hasabat berildi. Şol enjamlar ýokary oktanly benzini we onuň goşundysyny öndürýän desga, çalgy ýaglaryny öndürýän we suw üpjünçilik desgalary hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin bitum öndürýän desgasy üçin niýetlenendir.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, degişli karara gol çekdi. Şol resminama laýyklykda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, şeýle hem zawodlar toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen sorujy enjamy we dürli görnüşli sorujy enjamlaryň ätiýaçlyk şaýlary satyn alnar. Bu babatda zawodlar toplumy öz serişdeleriniň hasabyna Hytaý Halk Respublikasynyň “Helensville Group Limited” kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.

Mälim bolşy ýaly, şu hepdäniň dowamynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gurulmagy göz öňünde tutulan 70 megawat kuwwatyndaky gaz turbinanyň hem-de elektrik bekediniň durkuny täzelemek babatdaky iri taslamalaryň düýbüniň tutulyş dabarasy geçirildi.

Bu habarlay hem okap bilersiňz!

Aşgabatda däne ýa-da suwulygy saklamak üçin niýetlenen parfiýa humlary tapyldy

“Halkbank”: açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolar

Ulaglarda ätiýaçlandyryş işi kämilleşdiriler

Ykdysady üstünlikleriň sergisi we dokma dükanlary

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Tramp: ABŞ Pakistanda nebit gözlär

Azerbaýjanyň tebigy gazy Siriýa iberilip başlanýar

Türkmenistan Türkiýä tebigy gaz ibermekde öňdäki orunlary eýeleýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň söwda hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Ukraina Azerbaýjadan tebigy gaz satyn almak isleýär

Eýran goňşy ýurtlara otly gatnawlaryny ýola goýar