Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Saglyk» derman kärhanasynyň dermanlyk ösümliklerden melhem çaýlary taýýarlaýan bölüminde türkmen tebigatynda ösýän dermanlyk ösümliklerden indi birnäçe ýyl bäri melhem çaýlar taýýarlanylýar. Bu ýerde taýýarlanylýan 20-den gowrak melhemlik çaýlara halk arasynda uly isleg bildirilýär.
«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, kärhanada bir ýylda dürli görnüşli çaýlaryň 300 müň gaby taýýarlanylýar. Bu bolsa halkyň islegini doly kanagatlandyrmaga we önümleriň belli bir bölegini daşary ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby bolsa bu ýerdäki işiň esasy ylham çeşmesidir.
Kärhanada melhem çaýlaryň täze görnüşiniň önümçiligi hem ýola goýlupdyr. Olaryň hatarynda türküstan guşgonmaz ösümliginden taýýarlanan ýürek-damary gurplandyryjy, gök çaýly buýan köki hem bar. Häzirki wagtda bolsa kärhanada bagyr hem böwrek kesellerine garşy melhem çaýy taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bu ugurda hünärmenler alymlar bilen degişli işleri alyp barýarlar.
Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!