TEHNOLOGIÝA

Duzly suwy süýjediji täze tehnologiýa

Alymlar duzly suwy birnäçe minutda agyz suwuna öwürýän täze tehnologiýany döredendiklerini habar berdiler. Olar bu taslamanyň üstünde birnäçe ýyl sarp etdiler. Duzly deňiz suwuny arassa agyz suwuna öwrüp bilýän tehnologiýa dünýäde millionlarça adamyň durmuşyny üýtgedip, suwy tygşytlamaga ýardam eder.

Awstraliýaly alymlar Gün şöhlesi bilen birlikde “Metal Organic Framework” (MOF) atly birleşmäni ulanyp, suwy ýarym sagadyň içinde arassalap bildiler. Mundan başga-da, bu material gün şöhlesi bary-ýogy 4 minut täsir edenden soň suwdan siňdirýän duz ionlarynyň hemmesini çykarýar we gaýtadan ulanmaga taýýar edýär.

Ösen tehnologiýa netijesinde öndürilen agyz suwy, Bütindünýä saglyk goraýyş guramasynyň standartlaryna laýyk gelýär.

Related posts

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Özbegistanda ekine onlaýn gözegçilik ýola goýuldy  

Ata Watan Eserleri

“Ford” täze nesil “Ranger” modelini hödürleýär