TEHNOLOGIÝA

Suw üstündäki ilkinji dükany taýýar

Dünýädäki tehnologiýa ägirtleriniň biri bolan “Apple” kompaniýasy suw üstünde dükanyň gurluşyk işi tamamlandy. Singapurda ýerleşýän bu dükan ýakynda açylar. Täze açyljak dükan kompaniýanyň Singapurda 3-nji söwda nokady bolar. Dizaýn taýdan düýpli tapawutlanýan bu dükan kompaniýanyň ilkinji suw üstünde gurlan dükany bolar.

“Marina Bay Sands” adyna eýe boljak bu dükan gümmez şekilde bolar. Müşderiler agaç köprüsinden geçip, aýna paneller bilen örtülen köprüniň üsti bilen “Apple Store” dükanyna baryp bilerler.

Dükan kompaniýanyň iň täze hyrydarly harytlaryny müşderilere hödürlär. Dükanyň açyljak senesi barada heniz hiç hili maglumat ýok.

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi