DÜNÝÄ

Tim Kuk milliarderleriň sanawynda

Dünýä belli “Apple” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tim Kukyň baýlygy 1 milliard dollardan geçdi. Kompaniýanyň paýnamalarynyň ýokarlanmagy bilen Tim Kuk milliarderleriň sanawyna goşuldy. 9 ýyl mundan ozal kompaniýany dolandyrmak wezipesini Stiw Jobsdan alan Tim Kuk geçen döwürde “Apple” kompaniýasyny trillion dollarlyk kompaniýa öwrüp, bu döwürde özüniň hem girdejisini ýokarlandyrdy.

“Bloomberg” habarlar agentliginiň habar bermegine görä, “Apple” kompaniýasynyň koronawirus döwründe okgunly ösüşe eýe bolmagy kompaniýanyň paýnamalarynyň hem ýokarlanmagyna getirdi.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy Kukyň emlägi 1 milliard dollarden geçdi. Şeýlelikde, ol Mark Sukerberg, Jeff Bezos we Ilon Mask ýaly milliarderleriň hataryna goşuldy.

Geçen ýyl “Apple” -iň paýnamalarynyň köpelmeginiň täsiri bilen Tim Kukyň şahsy baýlygy 1 milliard dollardan geçip, 125 million dollar girdeji gazandy.

Tim Kuk 9 ýyl mundan ozal “Apple” -iň esaslandyryjylaryndan Stiw Jobs tarapyndan “Apple”-iň baş dolandyryjysy wezipesine bellendi.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy