DÜNÝÄ

Di Kaprio “Apple” bilen şertnama baglaşdy

Meşhur amerikaly aktýor Leonardo Di Kaprio degişli bolan “Appian Way” kinokompaniýasy “Apple” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, aktýoryň kompaniýasy “Apple” şereketiniň hyzmatlary babatda telegepleşikler hem-de filmler döreder. Bu barada “The Hollywood Reporter” internet neşiri habar berýär.

Mundan başga-da, “Apple” kompaniýasy Martin Skorsezeniň režissýorlygyndaky Leonardo Di Kaprionyň baş keşpde oýnaýan filminiň önümçiligi üçin 200 million dollar bölüp berer. Film kompaniýanyň ýaýlyma beriş hyzmaty bölüminde görkeziler we “Paramount Pictures” tarapyndan paýlanar.

“Appian Way” kinokompaniýasy üçin bu ilkinji teleýaýlym şertnamasydyr. Mundan ozal, bu kompaniýa  “Paramount Pictures” we “Warner Bros” ýaly iri şereketler bilen hyzmatdaşlyk etdi. Şeýle hem “Apple+” web teleýaýlymynda Di Kaprionyň hem-de Elizabet Mossuň bilelikde oýnan Loren Býukesiň romany esasynda surata düşürilen  “Parlaýan gyzlar” serialy hem görkeziler.

Related posts

Mergen Kepbanow: Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklady

Russiýanyň Prezidenti dört günlük sapar bilen Hytaýa barar

50 ýylyň iň pes temperaturasy

Ata Watan Eserleri