TEHNOLOGIÝA

Ilkinji “akylly” gapysyny hödürledi

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy tehnologiýanyň soňky gazananlary gündelik durmuşa ornaşdyrmaga uly üns berýär. Şonuň netijesinde, kompaniýa bu gezek “akylly” gapy döretdi. Onuň üçin 28 patent hasaba alyndy, 300 müň synag işlerini amala aşyrdy, 15 aýyny sarp etdi.

Şeýlelikde “Xiaobai Wisdom Gate H1” diýlip atlandyrylýan ilkinji “akylly” gapysyny hödürledi. Köpçülikleýin maliýeleşdirme tapgyrynda 570 dollar bahasy bilen hödürlener we işe girizilenden soň bahasy 713 dollara çenli ýokarlanmagy ähtimal.

“Akylly” gapynyň aýratynlyklary:

“Xiaobai Wisdom Door H1” akylly gapynyň ölçegleri 2050 x 960 x 95 mm, garaşsyz ýa-da bir wagtda açylyp bilinýän iki bölekden ybarat. Gapynyň agramy 85 kg, poslamaýan polat esasy material hökmünde saýlanýar. Içindäki boşluklar ses siňdiriji paneller bilen doldurylýar. Gapy 10 dýuýmlyk IPS duýgur ekrany we adamlary ýüzleri bilen tanap bilýän, jynsyny, ýaşyny we şahsyýetini kesgitläp bilýän, 1080p kamera bilen enjamlaşdyrylan. Adaty düwmelerden başga-da barmak yzlary bilen açmak bolýar. Barmak yzy datçigi 99,7% takyklygy bilen işleýär.

Ulanyjylar “Mi Home” programmasy arkaly akylly telefonlarynda bu akylly gapyny ulanyp bilerler.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar