DÜNÝÄ

Ýewropada bitewi töleg ulgamy peýda bolar

Öňümizdäki ýylda Ýewropa Bileleşiginde täze umumy ýewropa töleg ulgamy dörediler. Ol hem “European payments initiative (EPI)” diýlip atlandyrylar. Bu töleg ulgamyny döretmek işine Fransiýadan, Germaniýadan, Belgiýadan, Ispaniýadan we Niderlandlardan 16 sany esasy bank girişdi.

Iň bärkisi ýewro sebitinde bitewi töleg ulgamyny döretmek barada gepleşik uzak wagt bäri dowam edýär. Şeýle-de bolsa, ykdysady çökgünlik päsgelçilik döretdi.

Taslamany işläp düzüjileriň bellemegine görä, bu ulgamyň dükanlardaky tölegleri, nagt pullary we halkara geçirimleri goşmak bilen “ähli amallar üçin tölegleriň täze standartyna” öwrüljekdigini wada berýär.

Bu ulgam häzirki wagtda töleg amallary pudagynyň öňdebaryjylary ABŞ-nyň “Visa” we “Mastercard” kompaniýalarynyň ornuny tutmaga mümkinçilik berer. Täze ulgamyň 2022-nji ýylda işe girizilmegine garaşylýar.

Related posts

Efiopiýada Täze ýyl baýramçylygy

Türkmenistan Saud Arabystanynyň “EKSPO-2030” Bütindünýä sergisini guramagyny goldaýar

Türkmenistanyň daşary işler ministry ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy