TEHNOLOGIÝA

“Kia”-nyň täze ulagy

Günorta Koreýanyň awtoulag öndüriji “Kia” kompaniýasy “Optima” modeliniň ornuny tutjak täze “K5” modelini hödürledi. Kompaniýanyň “Optima” modeli ABŞ ýaly ýurtlarda has köp satylan modelleriniň biri boldy.

Kompaniýanyň täze ulagy “gaplaň burny” diýlip kesgitlenen öň paneli bilen hem köpleriň ünsüni çeker diýip bellenilýär.

“2021 Kia K5” turbo görnüşli 1,6 litrlik dört silindrli hereketlendiriji bilen 180 at güýjüne barabardyr. Ulag goşmaça 4 tigirli ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr we 8 tizlikli goşa debrýus awtomatiki geçirijisini özünde jemleýär.

Ulagyň 100 kilometrlik tizlige ýetmegi üçin 5,8 sekunt gerek bolýar.

Täze “Kia K5” ulagynyň “Drive Wise” atly howpsuzlyk bukjasy hem sürüjilere uly amatlylyklar berýär.  Bu bukjada pyýadalary kesgitlemegiň awtomatiki gyssagly tormozy, zolagy yzarlamak boýunça kömekçisi, sürüjä duýduryş berýän signallary bar.

Ulag şu ýylyň tomsunda ABŞ-da satuwa çykarylar.

Ýene-de okaň

“Google” we Çili Awstraliýa çenli optiki süýümli kabel çeker

Hytaýyň awiakompaniýalary “Airbusdan” 500 uçar satyn alar

Russiýanyň uçarlarynda internet 2027-nji ýylda peýda bolar

“Microsoft” Şweýsariýada bulut we emeli intellekt üçin maýa goýýar

“Türkmentelekom” köpçülikleýin ýerlerde, howa menzillerinde we şypahanalarda Wi-Fi mümkinçiligini hödürleýär

Dünýäniň ilkinji emeli aň tehnologiýaly şäheri gurlar