SPORT

10:1 hasabyndaky futbol duşuşygy

Russiýanyň futbol çempionaty koronawirus sebäpli yglan edilen arakesmeden soňra täzeden başlady. Çempionat garaşylmadyk hasap bilen açyldy. “Soçi” topary bilen “Rostow” toparynyň arasyndaky duşuşyk 10:1 hasabynda tamamlandy.

Waleriý Karpiniň tälim berýän “Rostow” topary “Soçi” topary bilen duşuşygyna ýaş düzümi bilen gatnaşdy. Duşuşygyň ilkinji minutynda hasap açyldy. “Rostow” topary 1:0 hasabynda öňe geçendigine garamazdan, oýundan 10:1 hasabynda utuldy.

Ýer eýeleri “Soçi” topary yzygiderli 10 pökgüni garşydaş derwezesinden geçirmegi başlady. Toparyň futbolçysy Aleksandr Kokorin 3 gezek tapawutlandy. Anton Zabolotnyý 2 gezek tapawutlanmagy başardy.

“Soçi” topary bu ýeňşi bilen Russiýanyň futbol çempionatynda 9-njy basgançaga çykdy.

Ýene-de okaň

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Meksikadan soňra ABŞ hem 1/16 tapgyra çykdy

Dünýä çempionatynyň il çalt goly geçirildi

Ata Watan Eserleri