SPORT

Italiýanyň Kubogynyň finaly: “Ýuwentus” – “Napoli”

17-nji iýunda Italiýanyň kubogy almak ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy geçiriler. Onda dünýä belli meşhur futbolçy, golaýda girdejisi 1 milliard dollara barabar bolan Kristiano Ronaldoly “Ýuwentus” bilen “Napoli” toparlary duşuşar.

“Ýuwentus” topary ýarym finalda “Milan” toparyndan üstün geldi. “Napoli” bolsa Italiýanyň güýçli toparlaryndan “Inter” toparyny ýeňmegi başardy.

“Napoli” bilen “Inter” toparynyň duşuşygy 1:1 hasabynda deňme-dem tamamlandy. Bu duşuşykda tapawutlanan Dris Mertens “Napoli” toparyndaky 122-nji goluny geçirip, toparyň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy. Mundan ozalky duşuşykda garşydaşyny 1:0 hasabynda ýeňen “Napoli” finala çykdy.

Related posts

Arda Güler “Real Madrid” bilen resmi şertnama baglaşdy

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

UEFA-nyň Millet ligasyna bije çekildi

Ata Watan Eserleri