PEÝDALY MASLAHAT

Bahçeşehir Uniwersiteti: Sanawdaky Ýokary okuw jaýy

Türkmenistanly ýaşlar tarapyndan Türkiýede bilim almak üçin iň köp saýlanýan ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan Bahçeşehir uniwersitetinde bilim almak üçin Stambul şäherinde ýerleşýän “Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi” türk kompaniýasyndan maslahat hyzmatlaryny alyp bilersiňiz! Geliň ilki bu Uniwersitet barada gysgaça durup geçeýliň!

“Stambulyň ýüregi” diýen şygara mynasyp bolan ýokary okuw mekdepleriniň biri Bahçeşehir uniwersitetidir (BAU). Stambulyň Beşiktaş etrabynda bogazyň kenarynda ýerleşýän bilim ojagynyň esasy binasy Günüň dogýan pursatyndan başlap, tä Gün ýaşýança köp adamly bolýar. Şeýle ýagdaý uniwersitetiň ähli künjegini gurşandyr.

Uniwersitetiň gapysyndan ilkinji ätlän pursadyňyzdan ünsüňizi çekýän zat – daşary ýurtly talyplaryň köplügidir. ABŞ-dan Türkmenistana we Hytaýa, Fransiýadan Koreýa Respublikasyna çenli uzalyp gidýän giň geografiýadan müňden gowrak talyp bilim alýar. Daşary ýurtly talyplara näme üçin şu bilim ojagyny saýlandygy barada sowal bilen ýüzleneniňde, olaryň berýän ilkinji jogaby birmeňzeşdir. “Ýerleşýän ýeri hem-de halkara abraýy”. Uniwersitetiň ýerleşýän ýerini ýaňy hem belläp geçdik. Uniwersitetiň halkara derejesinde alyp barýan işleri barada bilim ojagynyň internet sahypasyna göz aýlanyňyzda hem has içgin düşünip bilersiňiz.

Türkmenistanyň ýaşlary hem Bahçeşehir uniwersitetini saýlaýar

Bahçeşehir uniwersiteti bilen Stambul şäherinde iş alyp barýan “Atavatan Danışmanlık Yayıncılık, Tercüme, Turizm ve Bilişim Ltd” şereketiniň arasynda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, türkmen talyplarynyň mundan beýläk Bahçeşehir uniwersitetinde has köp orun almagyna mümkinçilik döredildi. Halkara derejesindäki uniwersitetde bilim almak isleýän türkmen ýaşlary “Atavatan Danışmanlık” şereketiniň üsti bilen Bahçeşehir uniwersitetinde ýokary hilli bilim alyp bilerler.

BAHÇEŞEHİR UNIWERSITETINE ÝÜZ TUTMAK ÜÇIN:

“Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi”-niň salgysy:

Aksaray mahallesi, Koçibey sokak, Erler Apt No:34 D:7 Gat:4 Fatih/ Stambul

e-mail salgysy : atavatanltd@gmail.com

Telefon: +90 532 401 71 52 & +90 530 251 36 73 & +90 212 633 40 00

Bahçeşehir uniwersitetinde bilim almak isleýän türkmen ýaşlary ýüz tutmak üçin resminamalaryny Türkiýe Respublikasynyň uniwersitetleriniň talaplaryna laýyk derejede terjime etdirmegi zerurdyr. Şonuň üçin halkara bilim resminamalarynyň terjime edilmeginde giň tejribä eýe bolan Aşgabat we Türkmenabat şäherlerinde hereket edýän “Makul Hyzmat” terjime merkeziniň hyzmatyndan peýdalanyp bilersiňiz.

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime” Aşgabat binasy salgysy we telefony: +993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55 & +993 62 60 52 61

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

“Makul Terjime: Türkmenabat binasy salgysy we telefony:

Türkmenabat şäher, Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy köçesi, 50. Lezzet söwda Merkezi, Gat 3. Gök Bazaryň ýany,

+993 63 16 34 69

Haýsy ugurlar üçin ýüz tutup bilersiňiz!

Ykdysadyýet, dolandyryş we jemgyýet ylymlarynyň fakulteti:Ykdysadyýet

Ykdysadyýet we maliýe
Dolandyryş
Syýasy bilimler we halkara gatnaşyklary
Halkara maliýe
Halkara söwda we dolandyryş
Logistikany dolandyrmak
Sosiologiýa
Psihologiýa

Mugallymçylyk bilimleri fakulteti:

Kompýuter we okuw tehnologiýalaryny öwretmek
Iňlis dili mugallymçylygy

Mekdep ýaşyna çenli çagalaryň mugallymçylygy
Repetitorlyk we pisihologiýa maslahatlary

Aragatnaşyk fakulteti:

Aragatnaşyk dizaýny
Jemgyýetçilik gatnaşyklary
Mahabat işleri
Kinematografiýa we telewideniýe
Döwrebap köpçülik habar beriş serişdeleri
Sanly oýunlaryň dizaýny

Hukuk Fakulteti (Türk dilinde):

Hukuk

Tejribe ähmiýetli ylymlar mekdebi (Türk dilinde):

Gastronomiýa (aşpezlik)

Binagärlik we taslama fakulteti:

Senagat önümleriniň taslamasy
Içerki binagärlik we töweregiň taslamasy
Binagärlik

Inženerlik we tebigy ylymlar fakulteti:

Kompýuter inženerligi
Biolukmançylyk inženerligi
Senagat inženerligi
Elektrik-elektronika inženerligi
Energiýa ulgamlarynyň inženerligi
Gurluşyk inženerligi
Dolandyryş inženerligi
Mehatronika inženerligi
Molekulýar biologiýa we genetika
Programma üpjünçiliginiň inženerligi

Lukmançylyk fakulteti:

Lukmançylyk

Lukmançylyk ylymlary fakulteti (Türk dilinde):

Iýmitlenmek we berhiz
Fizioterapiýa we dikeldiş
Fizioterapiýa we dikeldiş (Iňlis dilinde)
Şepagat uýalygy
Audiologiýa
Saglyk edarasynyň dolandyrylşy
Çaganyň ösüşi

Lukmançylyk hyzmatlary boýunça hünärmen mekdepleri (Türk dilinde):

Hirurgiýa hyzmatlary
Anesteziologiýa
Çaganyň ösüşi
Dializ
Audiometriýa
Radioterapiýa
Lukmançylyk resminamalary we kätiplik
Lukmançylyk wizual tehnikalary
Lukmançylyk barlaghana tehnikalary
Fizioterapiýa

Dünýäniň dürli şäherlerinde bilim almak….

Berlin, Toronto, Waşington, Batumi, Kipr, Hanoý, Kiýew, Pueblo, Brokwil……

Bu bilim ojagy talyplaryna dürli ylalaşyklar we hyzmatdaşlyklar esasynda dünýäniň dürli künjeginde bilim almaga mümkinçilik döredýär. Bu ugurda Berlin, Toronto, Waşington, Batumi, Kipr, Hanoý, Kiýew, Pueblo, Brokwil ýaly şäherleri uniwersitetiniň global agza guramalary hereket edýär. “International Office” bölümi BAU-nyň global edaralarynda bilimini dowam etdirmek isleýän talyplara maksatnamalary bilen baglanyşykly goldaw bermäge taýýardyr. Şeýle hem, bölümiňiz bilen baglanyşykly bir sapagy Berlinde, Batumide, Waşingtonda BAU-nyň global edaralarynda almak mümkinçilik bardyr. Şeýle hem, akademik möwsümiň ahyrynda uniwersitetiň tomusky maksatnamalaryna ýüz tutmak mümkinçilik hem bardyr. Şeýle hem tomusky maksatnamalardan diňe Bahçeşehir uniwersitetiniň däl, eýsem beýleki talyplar hem peýdalanyp bilerler.

Gämi bilen okuw binasyna barmak…

Bahçeşehir uniwersitetine barmak aňsat. Stambulyň merkezinde ýerleşýän Beşiktaş demirgazyk, Beşiktaş günorta, Göztepe we Galata okuw binalaryna uniwersitetiň öz gämileri bilen talyplary we professor-mugallymlary mugt gatnatmak hyzmaty berilýär. Beşiktaş deňiz menzilinden belli sagatlarda gämi bilen Galatadaky okuw binasyna baryp bolýar. Şeýlelikde, talyplar Stambulyň çendenaşa köp kynçylyk döredýän köçe-ýol hereketinden gaça durup, gämi bilen okuw binalaryna baryp bilýärler. Galatadaky okuw binasynda Aragatnaşyk fakultetiniň döwrebap köpçülik habar beriş serişdeleri ugurly işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Sanly metbugat bilen baglanyşykly täzeçil tehnologiýaly synplar hyzmata açyldy.

Bahçeşehir uniwersiteti diňe talyplara däl, eýsem uçurym bolan talyplary üçin hem dürli maksatnamalary durmuşa geçirýär. Uçurymlaryň bölümleri tarapyndan dürli çäreler guralyp, uçurymlar bilen gatnaşyklar dowam etdirilýär.

BAHÇEŞEHIR UNIWERSITETI SANLARDA:

– Uniwersitede 9 fakultet, 2 ýokary okuw we 2 ýokary hünär okuw mekdebi bar.

– 4 institutda aspirantura bilimi berilýär.

– ýokary bilim alýan talyplaryň sany 18 927.

– aspirantura we doktorlyk bilimi alýan talyp sany 6 643.

– halkara talyplaryň sany 4 648.

– talyplaryň jemi sany 26 759.

– uniwersitetde 1250 akademik bilen okuw hyzmaty berilýär.

– uniwersitetde 601 işgär işleýär.

– Stambulda 6 okuw binasy bar.

– 36 ýurduň 193 uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk edilýär.

– 100-den gowrak maksatnama hereket edýär.

– 11 400 inedördül meýdany bolan Bahçeşehir kitaphanasynda 250 müňden gowrak kitap, žurnal we sanly resminamalar bar.

– Okuw binasynda 5 dürli kafe we restoran hyzmat edýär.

– Bahçeşehir uniwersiteti Türkiýäniň ýokary bilim ojaklarynyň arasynda “International Outlook” sanawyna giren 5-nji, umumy sanawda 13-nji bilim ojagydyr.

– Bahçeşehir uniwersiteti Türkiýe Respublikasynyň 2023-nji ýylda bellenjek Garaşsyzlygynyň 100-nji ýylynda dünýäniň iň gowy 500 uniwersitetiniň sanawyna girmegi maksat edinýär.

– uniwersitetiň mejlisler zaly 1000 orunlykdyr.

– Bahçeşehir uniwersiteti 2017-nji ýylda “Türkiýäniň bilimde iň gowy markasy” diýen baýraga eýe boldy.

– Bahçeşehir uniwersiteti 2017-2018-nji ýyllarda bilim ulgamynda Türkiýäniň 500 uly hyzmat eksport etmekde öňdebaryjylaryň hataryna goşulyp, uly baýraga mynasyp boldy.

Daşary ýurtda bilim almak we diplom ykrar etmek baradaky habarlar 

İstanbul Yeni Yüzyıl Üniversitesi: Tıp, Dış Hekimliği, Eczacılık ve Mühendislik

Sanawda bolmaýan, Ykrar edilýän abraýly ýokary okuw jaýlar

Diplom Ykrar Etmek: Zerur Resminamalar

Diplom ykrar etmek : Jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary

Türkiýäniň iň abraýly ýokary okuw jaýlarynyň sanawy

GDA agza ýurtlaryň hünär bilim edaralaryň iň abraýlylaryň sanawy

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň  halkara sanawa giren abraýly ýokary okuw jaýlary

Hytaýyň iň abraýly ýokary okuw jaýlary

Amerikanyň Birleşen ştatlarynyň ýokary okuw jaýlarynyň sanawy

Türkmenistanyň Ýokary Okuw Jaýlary

Ýene-de okaň

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik

Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ýolagçy gatnatmak hyzmatyny hödürleýär