JEMGYÝETSPORT

Futbolda 5 oýunçy çalyşmak düzgüni

Futbol dünýäsine täze bir düzgün girizilýär. Mundan ozal, 90 minut dowam edýän futbol duşuşygynda 3 oýunçy çalyşmaga rugsat berilýän bolsa, mundan beýläk olaryň sany 5-ä ýetirildi.

Bu düzgün ilkinji bolup, Germaniýanyň “Bundesliga” çempionatynda durmuşa geçiriler.

Ertir, ýagny 16-njy maýda Germaniýanyň futbol çempionaty galan ýerinden dowam etdiriler.

Halkara futbol bileleşigi geňeşiniň (IFAB) futbol federasiýalaryna  5 futbolçy çalyşmaga mümkinçilik berendigini, munuň hem “Bundesliga”-da ulanylyp başlanjakdygy mälim edildi.

Related posts

Tebigy betbagtçylyk zerarly Özbegistanyň halkyna çuňňur duýgudaşlyk

Türkmenistanyň Prezidenti üçin Türkiýede resmi kabul etmek dabarasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Özbegistanyň üsti bilen Täjigistana elektrik energiýasyny we tebigy gazyny ibermäge taýýar