SIZDEN GELENLER

8-nji mart – Halkara zenanlaryň baýramy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, mähribanlygy we mylaýymlygy, wepalylygy we paýhasy, gözelligi we kämilligi özünde jemleýän türkmen zenanlaryna hormat, sarpa goýulýar. Häzirki döwürde zenanlar hakyndaky alada, olaryň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we umumy ykrar edilen kadalara laýyklykda gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Bu baýramçylygyň başlangyjy 1857-nji ýylda Nýu-Ýork şäherinde dokma paýdarlar jemgyýetinde işleýän aýallaryň zähmet şertlerini gowulandyrmak üçin alyp barýan tutumly işlerinden öz gözbaşyny alýar.

Ýurdumyzda önümçiligiň ähli pudaklarynda öndürijilikli zähmet çekýän gelin-gyzlar Watanymyzyň gülläp ösmegine, onuň medeniýetde, ylymda, oba-hojalygynda, ykdysadyýetde kuwwatlylygyň has ýokary derejelere göterilip, dünýä giňişliklerine ýaýramagynda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şeýle-de, ajaýyp öý bikeleri, mähriban eneler we ejeler bolan zenanlaryň durmuşda tutýan orunlary has uly bolmak bilen ene-mamalardan miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy nesillerden-nesillere geçirmekde hem olaryň bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlary bar.

Halkara Zenanlar gününi her ýyl baýram etmek baradaky karar 1910-njy ýylda aýallaryň Kopengagende  geçen 2-nji Halkara Konferensiýasynda Klara Setkiniň teklibi boýunça kabul edilýär. Ol ilkinji gezek 1911-nji ýylda Germaniýada, Awstraliýada, Şweýsariýada we Daniýada, 1913-nji ýylda Russiýada geçirilýär.

8-nji mart baýramçylyk däbi Awstriýanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň, Niderlandlaryň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Şweýsariýanyň we başga-da birnäçe ýurtlaryň aýallarynyň hut şol güni baýramçylyk hökmünde belläp geçmeklerinden soň pugtalanýar.

8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli zenanlaryny hem-de aýal-gyzlaryny tüýs ýüregimden gutlaýaryn!

Maral NAZAROWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň

Oba hojalygynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň müdiri.

 

7-nji mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika